28-nji aprelde Maliýe we ykdysadyýet
ministrliginde Halkara pul gaznasynyň synynyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly
geçirilen tanyşdyryş çäresinde Merkezi Aziýa we Kawkaz sebiti döwletleri üçin
«Sebitleýin ykdysadyýetiň ösüşiniň geljegi» atly mowzuk ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Hödürlenen synda dünýä hojalyk gatnaşyklary
ulgamyny ösdürmegiň ugurlary seljerildi hem-de Merkezi Aziýa we Kawkaz
ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň geljegi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Çäräniň
barşynda hökümetler tarapyndan СOVID-19-yň milli ykdysadyýetlere täsirini
azaltmak hem-de öz ýurtlarynda durnuklylygy pugtalandyrmak üçin ädýän ädimleri ara
alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ählumumy çökgünligiň ýurtlaryň
ykdysadyýetleriniň ösüşine edýän ýaramaz täsirini azaltmak maksady bilen, giň
gerimli işler alnyp barylýar. Bu çäreler halk hojalyk toplumynyň ähli
ulgamlarynda oňyn görkezijileri üpjün etmäge ýardam etmelidir.