Şu ýylyň
26-njy martyndan 9-njy apreline çenli makroykdysady ösüşe we maliýe
ýagdaýlaryna baha bermek üçin hem-de Türkmenistanyň ykdysady syýasatyny, şeýle
hem ählumumy ykdysady wehimleri ara alyp maslahatlaşmak üçin hanym Natali
Tamirisanyň ýolbaşçylygynda Halkara pul gaznasynyň topary Aşgabatda boldy.
Bu iri düzümiň
wekilleriniň nobatdaky saparynyň dowamynda döwlet dolandyryş edaralarynyň
ýolbaşçylary, işewür toparlaryň, maliýe ulgamynyň we diplomatik bileleşigiň
wekilleri bilen geçirilen duşuşyklarda myhmanlar ýurdumyzda hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýaýbaňlandyrylan
durmuş-ykdysady özgertmeleriň esasy netijeleri bilen tanyşdyryldy.
Halkara pul
gaznasynyň wekilleriniň saparynyň jemleri boýunça metbugat sahypasy çap edildi.
Onda Türkmenistanyň 2019-njy ýylda birnäçe ykdysady we maliýe ugurlaryna
çaklama bahalary ýerleşdirildi. Şeýlelikde, bilermenleriň pikirine görä,
ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň ösüş depgini 6,3 göterime barabar bolar. Munuň
özi Merkezi Aziýa sebiti boýunça goňşy döwletleriň hatarynda iň ýokary, dünýä
derejesinde bolsa ýokary görkezijileriň biri bolup durýar.
Halkara pul
gaznasynyň toparynyň ýolbaşçysynyň beýannamasynda ýurdumyzyň mundan beýläkki
ösüşi üçin tekliplere esaslanylýar.
Halkara pul
gaznasynyň yzygiderli geçirýän barlaglary we çaklamalary döwlet Baştutanymyzyň
oýlanyşykly hem-de öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde, Türkmenistanyň giň
möçberli taslamalary yzygiderli durmuşa geçirmek arkaly durmuş-ykdysady ösüşini
ynamly dowam edýändigini tassyklaýar.
Halkara pul gaznasy ykdysady özgertmeleri geçirmekde Türkmenistanyň hyzmatdaşy bolup durýar we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän makroykdysady ähmiýetli özgertmelere tehniki taýdan goldaw berýär. Halkara pul gaznasynyň toparynyň nobatdaky sapary 2019-njy ýylyň oktýabr aýyna meýilleşdirildi.