21-nji martda
ýurdumyzda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni köp öwüşginli dabaralara
beslendi. Baýramçylygyň esasy folklor-etnografiýa çykyşlary Nowruz ýaýlasynyň
çäginde ýerleşýän «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanynda ýaýbaňlandyryldy. Bu
ýere baharyň gelmegini, tebigatyň janlanýandygyny, parahatçylygy, adamlaryň
arasyndaky ylalaşygy, hoşniýetli goňşuçylyk we dostluk gatnaşyklaryny
alamatlandyrýan baýramçylyga gatnaşýan köp sanly myhmanlar ýygnandylar.
Şeýle hem
baýramçylyk konsertleri we köpçülikleýin medeni çäreler ýurdumyzyň sebitleriniň
merkezleriniň ählisinde we Aşgabat şäherinde, şol sanda açyk meýdançalarda we
seýilgählerde, raýatlarymyzyň köpçülikleýin dynç alýan ýerlerinde geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Nowruz türkmen halkynyň döredijiliginiň, ruhubelentliginiň hem-de tutanýerli zähmetiniň aýdyň beýanyna öwrülip, ösüşiň has belent sepgitlerine çagyrýar we biziň ýüreklerimizde rowaç Watanymyza buýsanç duýgusyny berkidýär.