milli goshun logo
Halkara metbugat maslahaty
Halkara metbugat maslahaty
29.03.2024 245 Habarlar

Düýn – 28-nji martda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Türkmen topragy – gadymy medeniýetleriň merkezi» atly halkara metbugat maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, dünýäniň öňdebaryjy habarlar agentlikleriniň, teleradio kompaniýalarynyň, kino birleşikleriniň, internet portallarynyň, gazet-žurnallarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Nobatdaky metbugat maslahaty hem halkara meýdançalarda ornuny pugtalandyrýan we maglumatlar giňişligine işjeň goşulyşýan Türkmenistanyň ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki tagallalarynda ýene bir möhüm ädim boldy.

Forum hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleri, gazanylýan üstünlikleri dünýäde has işjeň we dessin wagyz etmek boýunça milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň öňünde goýan wezipelerini üstünlikli çözmekde, dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini öwrenmekde, ýaýlym, çap, elektron metbugat ulgamlarynyň täze görnüşlerini işläp düzmekde aýratyn ähmiýete eýedir.

Çykyş edenleriň umumy pikirine görä, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň şu gezekki duşuşygy bu ulgamda ugurdaş düzümleriň arasynda tejribe alyşmak we uzak möhletleýin halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin netijeli meýdança boldy.