20-nji
sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer, daşary
işler ministri R.Meredow DIM-niň alyp barýan işleri barada hasabat bermek
bilen, Türkmenistanyň halkara maglumat işini ösdürmek, dünýäniň esasy habar
beriş serişdeleri bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça görülýän
çäreler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň
habar beriş serişdeleriniň işleýän çäklerini giňeltmek boýunça anyk çäreler
görülýär. Milli habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmekde döwrebap
maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň we internet serişdeleriniň işjeň
ulanylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, «Halkara maglumat
merkezini» döretmek maksada laýyk hasaplanylýar, onda degişli ugurda öňdebaryjy
gazanylanlary peýdalanmak göz öňünde tutulýar.
Milli
Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzy halkara
maglumatlar giňişligine has-da ilerletmek, daşary ýurtlaryň habar beriş
serişdeleri bilen netijeli gatnaşyklary berkitmek we giňeltmek boýunça işleri
dowam etmegiň möhümdigini belledi.
Bu ugurda görülýän çäreler täze multimediýa tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagyna, özara peýdaly tejribäni alyşmaga, şeýle hem dünýä bileleşigini Bitarap Watanymyzyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşmagyna, ýurdumyzda bolup geçýän şanly wakalaryň giňden beýan edilmegine ýardam etmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi.