Düýn - 18-nji martda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda hususy pudaga maýa goýumlary çekmek boýunça «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum geçirildi. Bu forum Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli serginiň çäklerinde guraldy.
Maýa goýum forumynyň dowamynda edilen çykyşlarda milli ykdysadyýetiň esasy ugurlarynyň biri bolan hususy pudaga maýa goýumlary çekmek, bu ugurda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meselelere üns çekildi. Türkmenistan dürli ugurlar boýunça özara bähbitli, doly derejeli hyzmatdaşlyk üçin açykdyr hem-de innowasion häsiýetli önümçilikleriň döredilmegine gönükdirilen anyk taslamalara garamaga taýýardyr. Şunda iri maýa goýum serişdeleriniň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň çekilmegine, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeldilmegine uly gyzyklanma beýan edildi.
Soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Ýygnananlar forumy guramaga we oňa gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.