Türkmenistanyň
Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Halkara Bitaraplyk güni
mynasybetli uly baýramçylyk konserti boldy.
Mukamlar
köşgüne Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň hökümetiniň
agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň,
Aşgabatda işleýän diplomatik missiýalaryň we halkara guramalarynyň
ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, ministrlikleriň we
pudaklaýyn edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň we köpçülikleýin habar beriş
serişdeleriniň wekilleri, medeniýet işgärleri, ýaşulular we ýaşlar ýygnandylar.
Ýurdumyzyň
sungat ussatlarynyň konserti şanly sene mynasybetli ýaňlanan joşgunly waspnama
bilen açyldy. Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň hem-de Maýa
Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hor toparynyň ýerine
ýetirmeginde «Arkadagly ýurduň Bitaraplygy» diýen aýdym belent ýaňlandy.
Soňra
«Parahatçylyk buşlukçysy» diýen edebi aýdym-sazly kompozisiýa boldy. Ol çagalar
we ýaşlar toparlarynyň gatnaşmagynda «Güneş» çagalar hor topary, «Aşgabat»,
«Aýjan», «Ruhubelent çagalar» we «Joşgun» tans toparlary tarapyndan ýerine
ýetirildi.
«Galkynyş»,
«Näzli», «Laçyn», «Meňli», «Miras» we beýleki tans toparlary biri-birini
çalşyp, ajaýyp sahna görnüşlerini emele getirdiler. Balkan welaýatynyň
«Dehistan» tans topary dünýä derejesinde adamzat medeni mirasynyň bir bölegi
hökmünde ykrar edilen joşgunly küştdepdi tansyny ýerine ýetirdiler.
Dabaranyň ahyrynda Türkmenistanyň belli estrada aýdymçylary hem-de konserte gatnaşyjylaryň ählisi bilelikde «Arkadagly ýurdum baky Bitarap!» atly aýdymy ýerine ýetirdiler, bu aýdymda çuňňur watançylyk, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ösüşli we döredijiligiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyza buýsanç duýgulary ýaňlandy.