milli goshun logo
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýubileý mejlisi Lebapda geçiriler
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýubileý mejlisi Lebapda geçiriler
25.05.2019 1049 Habarlar

24-nji maýda Döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisde Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewe geljek ýylda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegine 10 ýylyň dolýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz assosiasiýanyň nobatdaky ýubileý mejlisini Lebap welaýatynda geçirmegi maksadalaýyk hasaplaýandygyny habar berdi.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mejlisleriniň ýurdumyzyň welaýatlarynda gezekli-gezegine geçirilmegi behişdi bedewleriň wagyz edilmegini, türkmen halkynyň milli buýsanjy we onuň umumadamzat gymmatlygyna goşant goşandy bolup durýan ahalteke bedewleriniň dünýä derejesindäki şöhratynyň belende galmagyny şertlendirer diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Şunuň bilen baglylykda, halkara foruma taýýarlygyň çäklerinde welaýatyň Atçylyk sport toplumyny döwrebap derejede taýýarlamagyň, onuň çapuw ýodalarynyň häzirki zaman talaplaryna laýyk getirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu işleri ýokary derejede ýerine ýetirmek üçin zerur tagallalary etmegi tabşyrdy.