milli goshun logo
Gurýan döwlet gurpludyr
Gurýan döwlet gurpludyr
10.02.2024 579 Habarlar

Düýn – 9-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýylyň dowamynda gurlup ulanylmaga beriljek durmuş maksatly binalardyr desgalar barada hem aýdyldy. Bellenilişi ýaly:

– umumy meýdany 430 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary;

– 5360 orunlyk umumybilim edaralary;

– 1200 orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralary;

–  Aşgabat şäherinde bir gije-gündizde 150 müň kub metr agyz suwuny arassalaýjy desga;

– «Dokmaçylar» medeni merkezi;

– Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärligi we medeni-seýilgäh toplumy;

– «Parahat – 7» ýaşaýyş toplumynda 13 sany döwrebap ýaşaýyş jaýy;

– Halkara sagaldyş-dikeldiş hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezleri;

– Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda sement zawodynyň ikinji tapgyry;

– Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliklerinde täze, döwrebap obalar;

– Balkan welaýatynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsi;

– Jebel şäherçesinde Halkara howa menzili toplumy;

– Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda sement zawodynyň ikinji tapgyry;

– Mary şäherinde Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň täze edara binasy gurlup ulanmaga tabşyrylar.

Mundan başga-da, Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary bölegi işe giriziler.