milli goshun logo
Gurluşyk pudagy döwrebaplaşdyrylýar
16.02.2019 645 Habarlar

15-nji fewralda sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer D.Amangeldiýew «Gurluşykda milli çykdajy-ölçeg binýadyny işläp taýýarlamak we nyrh emele getirmek ulgamyny kämilleşdirmek boýunça 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» hem-de ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamak boýunça Pudagara toparyň işiniň netijeleri barada hasabat berdi.

Bu resminamalar degişli düzümler, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýokary okuw mekdepleri tarapyndan gurluşyk serişdeleriniň döwlet klassifikatorlaryny, gurluşykda nyrhlary emele getirmäge gözegçiligiň tertibini, usuly resminamalary taýýarlamagy göz öňünde tutýar. Gurluşykda çenlik ölçegleriň we bahalaryň döwlet ýygyndylaryny döretmek üçin programma üpjünçiligi nazara alyndy.

Pudagyň ýokary ösüş depginini saklamak, kärhanalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen çig mal babatda oýlanyşykly baha syýasaty durmuşa geçirilmelidir. Munuň özi bar bolan kuwwatlyklary netijeli peýdalanmaga, gurluşyk kärhanalarynyň düşewüntliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer diýip, milli Liderimiz belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz degişli resminama gol çekdi we ony elektron resminama dolanyşygynyň sanly ulgamy arkaly wise-premýere ugratdy. Milli Liderimiz öňde durýan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, anyk çäreleriň öz wagtynda görülmeginiň wajypdygyny belläp, bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.