milli goshun logo
Gümrükçiler üçin döwrebap bina
Gümrükçiler üçin döwrebap bina
05.12.2024 86 Habarlar

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ulanmaga berlen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Farap awtoýol gözegçilik-geçiriş ýerindäki «Farap awtoýollary» gümrük nokadynyň durky täzelenen binalar toplumy döwrebap şertleri özünde jemleýär. Bu gümrük nokady uzak ýyllaryň dowamynda biziň ýurdumyz bilen goňşy Özbegistanyň we üstaşyr hyzmatlardan peýdalanýan beýleki döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlykda möhüm orny eýeleýär.

Gümrük nokadyny döwrebaplaşdyrmak we goşmaça binalary gurmak işini «Sapaly geljek» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri alyp bardy. Täze toplumda işler awtoulaglaryň we harytlaryň girişini hem-de çykyşyny resmileşdirmäge niýetlenen, hersiniň uzynlygy 50 metre deň bolan desgalaryň ikisinde alnyp barlar. Gümrükçiler döredilýän şeýle ajaýyp mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny aýdýarlar.