milli goshun logo
Gümrük gözegçiligini döwrebap alyp barmak üçin öňdebaryjy tejribe öwreniler
26.01.2019 463 Habarlar

Düýn geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Osmanow ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we häzirki ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, halkara derejede daşalýan ýükleriň möçberiniň artmagy netijesinde soňky ýyllarda bu edaranyň işi has-da işjeňleşdi. Munuň özi bolsa Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň durnukly we sazlaşykly ösýändiginiň, onuň dünýäniň hojalyk gatnaşyklary ulgamyna üstünlikli goşulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyz bu edaranyň 2019-njy ýylda alyp barmaly işleriniň geljekki ugurlary barada aýtmak bilen, ýurdumyzyň çäginden geçýän üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen, serhetde gümrük gözegçiligini döwrebap alyp barmak boýunça öňdebaryjy tejribäni yzygiderli öwrenmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, gullugyň düzümleýin edaralarynyň ählisiniň ýolbaşçylaryna daşalýan ýükleriň depginini yzygiderli seljermegi amala aşyrmak barada görkezme berildi. Bu işleriň geçirilmegi ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçirijiligini ýokarlandyrmak we logistiki ulgamy ösdürmek üçin zerurdyr diýip, Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow durmuş häsiýetli meseleleri çözmäge, hususan-da, bu edaranyň işgärlerini döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek meselelerine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.