milli goshun logo
Gullukda sport bilen meşgullanmak
Gullukda sport bilen meşgullanmak
13.07.2019 1622 Sport

Sport we bedenterbiýe Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň çagyryş boýunça harby gullukçylarynyň durmuşynyň aýrylmaz bölegidir. Olar harby gulluga gelen ilkinji günlerinden başlap özlerini beden taýdan kämilleşdirip başlaýarlar. Berk bedenliligi ýokarlandyrýan maşklar gowy fiziki görnüşi saklamaga hem-de iki ýyl harby gullugyň dowamynda hemmetaraplaýyn taplanmaga kömek edýär.

Ähli harby bölümlerde beden taýýarlygy boýunça yzygiderli synaglar geçirilýär. Şol sanda futbol, tanap çekmek, agyrlyk daşyny galdyrmak we şuňa meňzeş ýaly bäsleşikler guralýar. Olaryň jemi boýunça iň gowy görkezijileri görkezen harby gullukçylar serkerdeler tarapyndan nobatdaky harby atlara mynasyp bolýarlar we hormat haty bilen sylaglanýarlar.

Harby gulluga gelmänkä sport bilen meşgullanan ýurdumyzyň raýatlaryna ýörite türgenleşikleri geçmek hem-de döwlet we halkara derejesindäki ýaryşlaryna gatnaşmak üçin mümkinçilikler döredilýär. Munuň subutnamasy hökmünde – harby türgenlerimiziň dürli sport ýaryşlarynda gazanan üstünliklerini görkezýän Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Merkezi goşun» sport klubynyň şahsy muzeýinde ýerleşdirilen kuboklary we medallary görkezmek bolar.

«Milli goşun».