milli goshun logo
Gül goýmak dabarasy geçirildi
Gül goýmak dabarasy geçirildi
15.06.2024 932 Habarlar | Harby Bilim

Harby uçurymlaryň gutardyş dabaralary mynasybetli harby uçurymlar ussat mugallym, edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň, içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowyň heýkellerine şeýle hem «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül desselerini goýdular. Olar Watany janyndan ileri goýan merdana pederlerimiziň, milletiň ogullarynyň öňünde baş egip, ruhy tagzym etdiler. Munuň özi ata Watany gözüniň göreji deý gorap, watansöýüjiligiň, gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezen ata-babalarymyza bolan çäksiz hormatyň nyşanyna öwrüldi.

Dabara mynasybetli düşürilen täsirli pursatlary «Multimedia» bölümimizde görüp bilersiňiz!