19-njy
maýda paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly
geçirilen ýörite maslahat täze aýratyn howply ýokanç kesele garşy göreşmek
maksady bilen, gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň işinde ulanylýan lukmançylyk
usullaryna bagyşlanyldy.
Ýewropada
howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy bilen bilelikde guralan maslahata
gatnaşyjylar sanitariýa-epidemiologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça dünýä
tejribesinde ulanylýan çäreler, hususan-da, döwletara serhedinden geçýän
raýatlary lukmançylyk barlagyndan geçirmek düzgüni bilen tanyşdyryldy.
Şunuň
bilen baglylykda, Türkmenistanyň tejribesine hem-de ýokanç keselleriň
ýaýramagyna garşy göreşmek meselelerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda sebitiň ýurtlary hem-de beýleki döwletler
bilen geçirilýän bilelikdäki işlere ýokary baha berildi.
Onlaýn-duşuşyga
gatnaşyjylar bu mesele boýunça pikir alşyp, halkara hyzmatdaşlygyň hem-de şeýle
duşuşyklaryň çäklerinde utgaşykly hereketleriň möhümdigini bellediler.