milli goshun logo
«Göroglynyň» göreldeleri
«Göroglynyň» göreldeleri
11.06.2019 6849 Harby Taryh

Her bir söhbediň many-mazmuny haýsydyr bir meselä gönükdirilmelidir. Biziň bu günki söhbedimiz Göroglynyň edermenligini, garadangaýtmazlygyny, ugurtapyjylygyny, ortany agalap ýören pälwanlardan pälwanlygyny, ýa bolmasa, şahyrlardan-da ajaýyp goşgy düzüp, sazandalardan hem şirin çalýan sazyna ýanap, bagşylardan hem ýakymly heň bilen nama gaýryberşiniň ussatlyk derejesini dabaralandyrmaga niýetlenen däldir. Islendik düýpli eserde baş gahrymanyň başarnygyna berlen häsiýetler onuň şahsy «kimligini», Gahryman Arkadagymyzyň «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» eserinde beýan edilen «menini» has aýdyň ýüze çykarmak üçin berlen mümkinçiliklerdir. Gürrüň «Görogla» syryganynda bolsa, aňyňda adamkärçiligiň iň ajaýyp keşbi janlanýar. Eýsem, adamkärçiligiň iň ajaýyp keşbi niçiksi bolýarka?! Görogly ýaly.

Halkymyz edebiýat ylmyna türkmençilik ýörelgeleriniň milli ülňülerini ornaşdyrypdyr. Özüňiz üns berip göräýiň. Çünki üns aňyň iň esasy guralydyr. Magtymguly Pyragynyň pikirleri — halkymyzyň nazaryýet ülňüsi bolsa, Göroglynyň hereketleri — usulyýet ülňüsidir. Başgaça aýdylanda, halkymyz paýhas zerurlygyny duýan wagtynda hakydasyndan Magtymguly Pyragynyň goşgy setirlerini dörüp ugraýar. Haýsydyr bir sebäbe görä emele gelen müýn ynsabyna ynjalyk bermeýärkä, hakydasyndan Magtymgulynyň: «Ýalançy Taňrynyň duşmany diýler, emma jaý ýerinde ýalan ýagşydyr», «Içki syryň aýtma her bir namarda», «Muhammet ymmaty malsyz bolmasyn» diýen ýaly setirlerini tapanyndan soňra ynjalar. Haýsydyr bir wakanyň mazmunyna kybap hereketler saldarlanylanynda welin, Göroglulyk ýörelgesiniň ölçeg daşy bilen ölçärler. Sebäbi Görogly biziň hakydalarymyzda görelde mekdebi bolup ýaşaýar. Ol özüne berlen ähli mümkinçiliklerden — erenleriň eçilen 120 ýaşyndan, dostuny çapmaýan düýrme gylyjyndan, ýyldyz görse ýaralaryndan gutulmak, 72 dili suwara bilmek ýaly başarnyklaryndan peýdalanyp, bize adamkärçiligiň, türkmençiligiň adalatly göreldelerini miras goýupdyr. Islendik eserdäki gahrymana berilýän artykmaçlyklar onuň üstünlige barýan ýolunyň salgysydyr. Durmuşda öz maksatlaryny aýdyňlaşdyrmagy başaran adam oglunyň her birine gerek derwaýyslyklar bar. Geliň, başarnygymyza görä, olaryň käbiriniň sanawyna seredeliň. uzak ýaşamak mümkinçiligi, ondan soňra, haýsydyr bir ýaraga, gurala erk etmegi, ýagny hünärli bolmagy, köp dil bilmek ukyby, goşgy sanap, saz çalmak, aýdym aýtmak ýaly ukyp-başarnyklary artykmaç bolanlaryň maksadyna ýetmegi ýeňilleşiberýändir. Agzalan we agzalmadyk başarnyklaryň hemmesi gowy adamda jemleneninde, göreldelik adalatlaryny miras goýup bilýär. O hakynda ýeri geleninde gürrüň ederis. Häzirlikçe welin, öz gürrüňimizden daşlaşmalyň.

Ýagşylyk edip, ýalkanmak adalaty. Bu «Göroglynyň» göreldelik adalatlarynyň biridir. Erenleriň başlarynyň jem wagty, üç mertebe «dile» diýlen pursady diläp bilen zatlarynyň hemmesine «omyn» diýlen-de bolsa, öz goýberen säwligi — perzent dilemänligi sebäpli gursagy ahmyrly, mahal-mahal Gyraty bilen: «Perzent dilemedim, seni diledim» diýip iç döküşýän Görogly beg bir gün dilemedik perzendiniň öwezine, deregine rowa gören oglanyň salgysyny alýar. «Görogly Öwezi görse, mal gaýgyrmaz, başdan geçer» diýip, Çardagly Çandybilden çykyp ugran Göroglynyň öňünden Galandar çykýar. Saglyk-amanlyk soraşylanyndan soňra Görogly Galandaryň ugur-niýetini anyklaýar. «Çardagly Çandybil diýen ýurtda Görogly atly är döräpdir diýip eşidýäs, men şonuň hyzmatyna barýan» diýlen jogaby eşidibem, ony raýyndan gaýtarjak bolup synanyşybam görýär. Emma Göroglynyň dünýä dolan ajaýyp häsiýetleriniň, ony deňzis-taýsyz gahrymana öwren «meni» baradaky haýbatly maglumatlar Galandary öz dünýäsine dolapdyr. Ol diňe bir zady bilýär. Galandaryň öz aladasy, öz derdi bar. Ol ykbalyny özgertjek bu meseläni bir özi çözerden ejiz. Emma dünýäde Görogly bar. Ol ejize, mätäje hemişelik howandar. Şonuň üçin Galandaryň Göroglynyň aladasy bilenem işi ýok, derdi bilenem. Onuň öz maksadyna ýetesi gelýär. Oňa Gyratyň galalardan böküp bilýän başarnygy bilen Göroglynyň mergenligi gerek. Şahyr Mämmetnazar Babanazarowyň «Bir kişiniň ady ile ýaýylsa, bihal däldir, bidüýp däldir, doganlar» diýen setiri uzalmaga göwünjeň pikirlerimiziň gysgalmagyna kömek eder. Görogly özüniň bihal däldigini görkezýär. Özüniň-de ýeterlik aladasynyň, derdiniň bardygyndan söz hem açmaýar. Bir ýigidi maksadynyň myradyna gowşurýar. Öz aladaňy bir gyra süýşürip, sen diýip gelenleriň ýumşuny bitirmek adalatynyň kämil nusgasynyň biri bize Görogludan miras galan eken. «Alkyş bilen är gögär».

Ýalňyşlyklaryň üstünde işlemek adalaty. Durmuş her kimden öz ýalňyşyny özüniň düzetmegini talap edýär. Ýakymly owaza eýlenen aýdymlaryň birinde şeýle sözler bar: «Ýalňyşmaýan adam barmy?». Bu, megerem, iň ajaýyp, ýöne welin, diýseň gönümel hakykatdyr. Görogly hem ýalňyşyp görýär. Adam öz ýalňyşlyklarynyň hasabyna has gowy kämilleşýär. Görogly Çandybiliň degresine aýlanyp ýörkä, Baly begiň möhümini bitirip bermek — Göroglynyň Gyratyny getirip bermek arkaly ummasyz baýlygy duluna geçirmek maksadyna duwlanyp, gözlere al salyp, çabalanyp ýatan kempire dözmezçilik eden pursadynda ýalňyşýar. Bu bir, ikinjiden, onuň ýüz-gözlerindäki haýýarçylygy görmegi başarmadyg-a hiç welin, şol başarnygyň eýesi bolan Agaýunusynyň-da: «Şu kempiri nireden getiren bolsaň, ondan hem dokuz menzil aňyrrakda taşlap gaýt. Bu ýagşylyga tapylan kempir däldir. Meniň göwnüme bolmasa, şu kempir ýa seniň özüňiň, ýa Öwez janyň ýa-da Gyratyň, üçiňizden biriňiziň başyňyza ýeter, şunuň peýdasyndan geçmek gerek» diýen maslahatyny almaýar. Öz ýalňyşy bilen döreden säwligini öz başarnygy bilen yzyna gaýtarmagy saýlaýar. Ol Çardagly Çandybiliň soltany, dabarasy dünýä dolan Görogly beg. Onuň wepadar, her biri kyrk ýigide taý geljek kyrk ýigidi bar. Ol goşun-da ýygnap biljek. Baly begiň ýurduna ýygyn hem dartyp bilerdi. Emma onda ol Görogly bolup bilmezdi. Görogly perzent dilemän diläp ýeten, syrdaşyny gara başyny orta goýup, yzyna getirýär. Ol onuň üçin baş açyk, aýak ýalaň galandarçylyk edýär. El serip, gazanç edýänleriň arasyna goşulyp, olaryň biri bolýar. Emma kysmatynyň syrdaşyny duşman elinde goýmaýar. Ynha, Göroglynyň ýene bir adalatlylyk göreldesi. Öz ýalňyşyňy özüň düzetmek. Bu özleşdireniňe juda degýän göreldedir.

Aşyrmät GARLY.