Şu gün paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen
Türkmenistanyň Halk maslahatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow tarapyndan Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky
hemişelik wekili Aksoltan Töräýewna Ataýewa «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen
hormatly ady dakyldy we «Altyn Aý» medaly bilen sylaglanyldy.
Milli Liderimiz A.Ataýewanyň diplomatiki işine
ýokary baha berip, türkmen halky üçin bitiren işleri we mähriban Watanymyzyň
halkara abraýyny has hem ýokary galdyrmak üçin eden işleri dogrusynda nygtap,
Permana gol çekdi.
Türkmeniň görnükli syýasatçysy, diplomat Aksoltan
Töräýewna Ataýewa 1944-nji ýylyň 6-njy noýabrynda eneden boldy. Ol 1968-nji
ýylda şol wagty Türkmen Döwlet lukmançylyk institutyny tamamlap, 1994-nji ýyla
çenli Saglygy goraýyş edaralarynda dürli wezipelerde işleýär. 1994-nji ýylda
bolsa Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili wezipesine
bellenýär. Ondan soňra şol bir wagtyň özünde, birnäçe ýurtlarda Türkmenistanyň
Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinde işläp, A.Ataýewa bu wezipeleri häzire çenli birkemsiz
ýerine ýetirip gelýär.
«Milli goşun».