«Türkmenistan» halkara žurnalynyň nobatdaky
sanynda «Sanyň mowzugy» atly umumy sözbaşynyň astynda Russiýa Federasiýasynyň
Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Halkara işleri boýunça komitetiniň
başlygy Grigoriý Karasiniň «Strategik hyzmatdaşlygyň esaslary: bitaraplyk
syýasaty rus-türkmen gatnaşyklarynyň ulgamyna mäkäm ornaşandyr» atly makalasy
çap edildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.
Makalada türkmen bitaraplygynyň özboluşlylygy
barada söz açylmak bilen, onuň Merkezi Aziýa sebitinde, şeýle hem ählumumy derejede
parahatçylygy döretmek maksady bilen peýdalanmak tejribesiniň şübhesiz ähmiýeti
nygtalýar.
Görnükli rus syýasatçysy we döwlet işgäri
Türkmenistanyň BMG-niň Tertipnamasynyň esas goýujy maksatlarynyň we
ýörelgeleriniň berk berjaý edilmegine daýanýan deňhukukly hem-de deňagramly
döwletara dialog baradaky garaýyşlarynyň Russiýanyň halkara işlerindäki
çemeleşmelerine laýyk gelýändigi barada nygtaýar.
Awtoryň pikirine görä, Türkmenistanyň we Russiýa
Federasiýasynyň Prezidentleri iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň depginli
hem-de ynamly häsiýete eýe bolmagyna itergi berýärler.
Makalada köptaraplaýyn syýasy-diplomatik,
söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy babatda türkmen-rus
gatnaşyklarynyň yzygiderli ösmegi üçin ähli zerur şertleriň — «syýasy erkiň,
ykdysady maksadalaýyklygyň, daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynda
umumylyklaryň we iň esasysy bolsa, halklaryň ysnyşykly, ynamly gatnaşyklary
saklamaga bolan ymtylmasynyň» bardygy bellenilýär.
Parlamentara hyzmatdaşlyk mowzugyna degip geçmek
bilen, rus senatory türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen-rus gatnaşyklarynyň bu
ugruny pugtalandyrmaga goşan bahasyna ýetip bolmajak goşandyny nygtaýar.
Şeýle-de makalada çuňlaşdyrylan strategik
hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň raýatlarynyň esasy
bähbitlerine laýyk gelýändigi aýdylýar. Hut şu möhüm faktor hem köp babatda
Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy berkitmäge
ýardam berýär diýlip, bellenilýär.