2-nji ýanwarda paýtagtymyzyň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň ähli künjeklerinden gelen çagalary Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşýän Gökderedäki dynç alyş-sagaldyş merkezlerine gyşky dynç alşa ugratmak dabarasy boldy.
Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary öz gyşky dynç alyş günlerini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy esasynda her ýyl guralýan baýramçylyk çykyşlaryna gatnaşmakdan başlaýarlar.
Köşgüň studiýalarynyň döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdymdyr sazlaryň, tanslaryň owazy astynda ene-atalar, mugallymlar, Täze ýyl çykyşlaryny ýerine ýetiren aýdym-saz toparlary, şeýle hem ertekileriň gahrymanlary — Aýazbabadyr Garpamyk we 2020-nji ýylyň nyşany bolan syçanjyk bilelikde oglan-gyzlary ugratdylar.