11-nji fewralda geçirilen sanly wideoaragatnaşyk
boýunça iş maslahatynda Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň 11 — 14-nji fewralynda
Türkmenistanyň wekiliýetiniň türkmen-german işewürlik maslahatyna gatnaşmak
üçin Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparyna ugradylýandygyny belledi.
Milli Liderimiz öňde boljak forumyň çäklerinde gol çekilmegi meýilleşdirilen
hökümetara resminamalaryň taslamalaryny makullap, degişli Buýruga gol çekdi
hem-de elektron resminama dolanyşygy ulgamy boýunça ony wise-premýer E.Orazgeldiýewe
ugratdy. Ikitaraplaýyn şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň üstüni ýetirjek
resminamalaryň hatarynda dürli oba hojalyk tehnikasy bilen üpjün etmek
ulgamynda özara hyzmatdaşlyk, şeýle hem ýer we suw serişdelerinden rejeli
peýdalanmak, suw hojalygy ulgamy we beýleki ugurlar boýunça hünärmenleri
taýýarlamak we okatmak barada özara hyzmatdaşlyk hakynda ähtnamalar bar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
Germaniýa bilen söwda-ykdysady ulgamda gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň
möhümdigini nygtap, innowasiýa ösüşi ugur edinýän Türkmenistanyň nemes
kompaniýalarynyň iň gowy dünýä tejribesini we tehnologiýalaryny çekmäge ýokary
gyzyklanma bildirýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň
toprak-howa şertleri göz öňünde tutulyp taýýarlanylýan oba hojalyk
tehnikalaryny satyn almak hem-de bu ugurda iki ýurduň degişli düzümleriniň
hünärmenleriniň arasynda tejribe alyşmak işleri ýurdumyzyň obasenagat
toplumynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berjekdigi nygtaldy.
Bu ugurda alnyp barylýan işlerde suw tygşytlaýjy
oba hojalyk tehnikalarynyň we beýleki ýörite enjamlaryň netijeli ulanylmagy
esasy wezipeleriň hatarynda durýar diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere
anyk görkezmeleri berdi.