milli goshun logo
Gerçekligiň mekdebini geçenler
Gerçekligiň mekdebini geçenler
29.12.2018 2948 Harby Bilim

    Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri we beýleki goşunlary üçin ýokary harby hünärli serkerdeleri we işgärleri taýýarlamak, serkerdeleriň bilimlerini, hünär tejribelerini artdyrmak üçin ýurdumyzda Türkmenistanyň Harby akademiýasy hereket edýär. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly başlangyjy bilen döredilen bu Harby akademiýanyň esasy wezipesi, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleri we beýleki goşunlary üçin operatiw-strategiki we operatiw-taktiki derejeli serkerdeleri taýýarlamak hem-de hünäri ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak, serkerdeleriň hünär bilimlerini we endiklerini çuňlaşdyrmak, ylmyň we tehnologiýalaryň, şeýle hem halkara tejribesiniň häzirki zaman gazananlaryny öwrenmek bilen hünär bilimlerini kämilleşdirmek bolup durýar.

    Ýadymyzda bolsa, Hormatly Belent Serkerdebaşymyz 2013-nji ýylyň 3-nji maýynda özüniň Oguzhan köşkler toplumynda operatiw-strategiki okuwlaryň ilkinji uçurymlaryna – Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna ýörite nyşany we diplomy dabaraly ýagdaýda gowşurypdy. Häzirki wagtda diňleýjileriň bilimi, goşuny başarnykly dolandyrmaklaryna, harby ylmy we harby sungaty içgin öwrenmeklerine gönükdirilýär. Harby akademiýanyň okuw binasynda, diňleýjileriň göwnejaý dynç almaklary we ýaşamaklary üçin ähli amatly şertler döredilen.

    Ynha şu gün bolsa, Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň binasynda, bu ýokary harby okuw mekdebini degişli hünär ugurlary boýunça tamamlan diňleýjileriň gutardyş dabarasy geçirildi. Uçurymlara hünär taýdan gaýtadan taýýarlanandygy hakynda diplomlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Soňra diplomlara mynasyp bolan serkerdeler mukaddes tuga tagzym edip, eziz Watanymyza, mähriban halkymyza, hormatly Belent Serkerdebaşymyza ak ýürekden birkemsiz gulluk etjekdikleri barada dabaraly kasam kabul etdiler.

    Dabaranyň dowamynda serkerdeler häzirki zamanyň harby ylmyndan we sungatyndan oňat baş çykarýan, hünär derejesi ýokary, watançylyk kasamyna wepaly serkerdeler bolup, ýurdumyzda parahatçylygy we asudalygy yzygiderli üpjün etmek üçin jan aýaman wepaly gulluk etjekdiklerine ynandyrdylar.

«Milli goşun».