Bilşimiz ýaly, mundan müňlerçe ýyl ozal kämil
ylymlary özleşdiren ata-babalarymyz bu mukaddes topragy umumadamzat
medeniýetiniň ösüşi üçin ähmiýetli wakalaryň mekanyna öwürmegi başarypdyrlar. Merdana
pederlerimiziň şan-şöhratyny biziň günlerimize ýetirmekde bolsa, her döwrüň
kemally ýaş nesline uly jogapkärçilikli paý nesip edipdir. Ata-babalarymyzdan
gelýän ýol-ýörelgäni mynasyp dowam etdirip, ylym-bilimi, milli medeniýeti,
esasanam, watansöýüjilik duýgusyny has-da kämilleşdirmek bilen bagly bu
mukaddes hyzmat biziň günlerimize çenli uzap gelýär.
Döredilýän
mümkinçiliklerden düýpli peýdalanýan türkmen ýaşlary hormatly Belent
Serkerdebaşymyzyň saýasynda bu gün öz saýlap alan hünärleri boýunça ökde hünärmenler
— Watanymyzyň geljekki hak eýeleri bolup ýetişýärler. Ine, häzirki günlerde-de
ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde talyp ýaşlaryň belent maksatlarynyň amala
aşmagyna uly itergi berýän gutardyş synaglary üstünlikli dowam edýär.
Durmuşa doly
derejede taýýar hünärmenleri ýetişdirýän ýurdumyzyň abraýly ýokary okuw
mekdepleriniň biri bolan Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik
Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň 5-nji ýyl harby talyplarynyň
hem jemleýji döwlet synaglary gyzgalaňly alnyp barylýar. Merdana Watan
goragçylaryny ähli babatda taplaýan bu bilim ojagynda okadylýan many-mazmuna
baý sapaklar harby taýýarlygy ýokary, ýüregi Watana bolan söýgüden püre-pür
ýaşlaryň ýetişmegine ýardam edýär. Hawa, bu harby ýokary okuw mekdebiniň öňde
goýýan esasy maksady hem şol. Çünki bu ýerde harby tälimiň inçe syrlaryny doly
derejede özleşdiren harby talyplaryň döwlet synaglaryny üstünlikli tamamlap,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň hatarynda şu Watana, şu topraga öz
hyzmatlaryny gaýgyrmajakdyklaryny uly ynam bilen aýdyp bolar.
«Milli goşun».