milli goshun logo
GDA ýurtlarynyň hökümetleri pandemiýadan soňra ykdysadyýeti dikeltmek we söwdany sanlylaşdyrmak meselelerine serederler
GDA ýurtlarynyň hökümetleri pandemiýadan soňra ykdysadyýeti dikeltmek we söwdany sanlylaşdyrmak meselelerine serederler
28.05.2021 572 Habarlar

GDA ýurtlarynyň hökümet ýolbaşçylarynyň 28-nji maýda Minskde geçiriljek duşuşygynda pandemiýadan soňra Arkalaşyga girýän ýurtlaryň ykdysadyýetini dikeltmek we özara söwdany sanly ulgama geçirmek meselesine garalar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň diwanhanasy habar berýär.

Şeýle-de bu duşuşykda Arkalaşygyň döwletleriniň çäklerinde ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak, ilatyň iş bilen üpjünçiligi we beýleki birnäçe wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Ýygnanyşyň netijesi boýunça birnäçe halkara, şol sanda, galp haryt nyşanlaryny we geografiki atlary ulanmagy duýdurmak, bularyň öňüni almak boýunça hyzmatdaşlyk hakdaky Ylalaşyga gol çekmek meýilleşdirilýär.