15-nji maýda
paýtagtymyzyň «Arçabil» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda GDA-nyň tohumçylyk
meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky, 22-nji mejlisi
geçirildi. Oňa hünär ugurly ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Russiýa
Federasiýasynyň, Belarusuň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, biziň ýurdumyzyň we
beýleki döwletleriň ylmy-barlag hem-de önümçilik merkezleriniň, şeýle hem
GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdylar.
2019-njy ýylda
Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmeginiň
maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda
guralan duşuşygyň dowamynda oba hojalyk ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan
beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Mejlisiň
barşynda GDA döwletlerinde hem-de Türkmenistanda seçgiçiligiň, görnüşleri synag
etmegiň, tohumçylygyň we nahalhanaçylygyň ýagdaýy, oba hojalyk ekinleriniň
kesellere hem-de zyýan berijilere garşy durnukly, ýerli toprak-howa şertlerine
uýgunlaşan täze görnüşlerini döretmek we ornaşdyrmak babatda geçirilýän
ylmy-barlag işler barada habarlar diňlenildi.
Duşuşygyň dowamynda ot-iým üpjünçiligi, ýeralmanyň, şalynyň we mekgejöweniň tohumçylygy babatda ylmy esaslar, innowasion tehnologiýalar we geljekki mümkinçilikler baradaky meselelere, dermanlyk hem-de ýakymly ysly ösümlikleri iş ýüzünde peýdalanmagyň mümkinçiliklerine aýratyn garaldy.