Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy (GDA) 1991-nji ýylyň 21-nji dekabrynda Gazagystan döwletiniň Alma-Ata şäherinde döwlet Baştutanlarynyň gol çekişmegi bilen döredildi. Onuň ştab-kwartirasy Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde ýerleşýär. Kanunçylyk namasy 1993-nji ýylyň ýanwar aýynda kabul edildi.
1996-njy ýylyň 19-njy ýanwarynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň umumy baýdagy döredildi. Häzirki wagtda guramanyň doly agzalygyna 11 sany ýurt girýär. Esasy resmi dili – rus dili.
1991-nji ýylyň 19-21-nji dekabrynda Alma-Atada öňki soýuz döwletleriniň 11-siniň, has takygy, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Russiýanyň, Belarus Respublikasynyň, Ukrainanyň, Ermenistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Azerbaýjanyň we Moldowanyň ýolbaşçylary duşuşyp, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döredilýändigini jar etdiler. Şeýlelikde, duşuşygyň netijesi boýunça 1991-nji ýylyň 21-nji dekabrynda GDA-nyň maksatlaryny we ýörelgelerini beýan edýän Alma-Ata jarnamasy kabul edildi.
GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň 1991-nji ýylyň 30-njy dekabrynda Minsk şäherinde bolan ilkinji duşuşygynda Arkalaşyga agza döwletleriň Baştutanlary «GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşi we Geňeşiň başlygy hakynda wagtlaýyn ylalaşyga» gol çekdiler hem-de bu ýerde GDA-nyň ýokary organy bolan döwlet Baştutanlarynyň Geňeşi döredildi.
«Milli goşun».