Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Gadyrly dostlar, eziz myhmanlar!
Hanymlar we jenaplar!
Sizi Berkarar
döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip
yglan edilen ýylynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilýän GDA gatnaşyjy
döwletleriň Saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň mejlisiniň
öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Size berk jan
saglyk, maşgala abadançylygyny, jemgyýetiň ähli ugurlarynda ilatyň durmuş
ýagdaýyny we hilini ýokarlandyrmak, kämil saglygy goraýyş ulgamyny döretmek,
sagdyn ýaşaýyş nusgasyny kämilleşdirmek boýunça alyp barýan ylmy hem-de
döredijilik işleriňizde hemişe rowaçlyk arzuw edýärin.
Bu döwletara
mejlisiň ýurdumyzyň saglygy goraýyş hem-de derman senagaty ulgamynyň gazanan
üstünlikleri, ýeten sepgitleri, esasy ösüş ugurlary bilen dünýä
jemgyýetçiligini tanyşdyrmakda, halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de
ösdürmegiň ugurlaryny aýdyňlaşdyrmakda, alymlaryň, hünärmenleriň özara tejribe
alyşmagynda uly ähmiýetiniň boljakdygyna ynanýaryn.
Türkmenistanyň
2019-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny
durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, GDA gatnaşyjy
döwletleriň Saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň mejlisinde
saglygy goraýyş, durmuş we beýleki ugurlarda döwletara gatnaşyklary utgaşdyrmak
bilen bagly meseleleriň uly toplumyna serediler. Ýurdumyzyň GDA gatnaşyjy
döwletler bilen strategik ugurlar boýunça däp bolan hyzmatdaşlygynyň
ösdürilmegi şu ýylda bu gurama başlyklyk edýän döwlet hökmünde Türkmenistanyň
işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Garaşsyz döwletimiz saglygy
goraýyş ulgamynda köptaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmak boýunça Arkalaşykdaky
hyzmatdaşlary bilen işi güýçli depginde dowam etdirýär.
Şu ýylyň 15 —
16-njy maýynda GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň
XIV forumynyň nobatdaky mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi Arkalaşygyň
çäklerindäki hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem netijeli alnyp barylmagyna uly
itergi berdi.
Bitarap
Türkmenistan sebitde ylalaşdyryjy merkez bolmak bilen çäklenmän, eýsem, öz raýatlarynyň
saglygy hakynda hem hemişe uly alada edýär. Ýurdumyzda adamlaryň sagdyn durmuş
ýörelgelerine eýermekleri netijesinde kadaly iýmitlenmek, ýokanç däl keselleriň
öňüni almak, zyýanly endiklerden daşda durmak, zähmet bilen dynç alşy
sazlaşykly utgaşdyrmak, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak ýaly kämil
ýörelgeler ösdürilýär. Geçirilen bu işler ilatyň ömrüniň ortaça dowamlylygynyň
artmagyna, keselçiligiň derejesiniň peselmegine, howply ýokanç keselleriň
düýbünden ýok edilmegine ýardam berdi. Döwrebap usullar bilen geçirilýän
wagyz-nesihat işleriniň netijesinde bolsa raýatlarymyzda saglyk barada täze
düşünjeler kemala geldi.
Paýtagtymyz
Aşgabat şäherinde şu ýylyň 9 — 10-njy aprelinde geçirilen «Ýokanç däl
keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek» atly ýokary derejeli
halkara maslahata dünýäniň birnäçe ýurtlaryndan, şol sanda GDA gatnaşyjy
döwletlerden hem tejribeli hünärmenler gatnaşdylar. Bu bolsa diňe bir biziň
ýurdumyz üçin däl-de, eýsem, bütin adamzat üçin hem uly taryhy waka boldy.
Maslahatyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň gazanan üstünliklerini
dünýä ýaýmakda, Aşgabat Jarnamasynyň durmuşa geçirilişi we geljekki maksatlar
babatda, halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlaryny
kesgitlemekde, ulgamyň esasy ösüş ugurlary bilen dünýä jemgyýetçiligini
tanyşdyrmakda, şeýle hem alymlaryň, hünärmenleriň, lukmanlaryň özara tejribe
alyşmagynda uly ähmiýeti boldy.
Garaşsyz
Türkmenistan ähli ugurlar bilen bir hatarda, saglyk ulgamy babatda hem halkara
guramalaryň öňünde öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirip
gelýär. GDA gatnaşyjy döwletlerde dürli ýyllarda geçirilen mejlislerde berkarar
döwletimiziň bu ugurdan nusgalyk işleri bitirýändigi bellenilip, aýratyn
hormata mynasyp bolýandygy biziň üçin juda ýakymlydyr. Çünki biziň ýurdumyzda
ynsan saglygyny goramagyň kämil derejä ýetendigi, ýokanç we ýokanç däl
keselleriň öňüni almakda, sagdyn nesli kemala getirmekde aýgytly ädimleriň
ädilip, nusga alarlyk işleriň bitirilýändigi dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan
ykrar edilen hakykatdyr.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Hanymlar we jenaplar!
Sizi Aşgabat
şäherinde GDA gatnaşyjy döwletleriň Saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk
boýunça geňeşiniň mejlisiniň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs
ýürekden gutlaýaryn!
Siziň her
biriňize berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt, ynsan saglygyny goramak
ýaly asylly işleriňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.