milli goshun logo
«Gazprom» Türkmenistandan satyn alýan gazynyň möçberini artdyrýar
«Gazprom» Türkmenistandan satyn alýan gazynyň möçberini artdyrýar
24.06.2021 374 Habarlar

«Gazprom» Türkmenistandan satyn alýan gazynyň möçberini artdyrýar, ony beýleki Merkezi Aziýa ýurtlaryndan almagyny azaldýar, Özbegistandan «mawy ýangyç» almagyny bes etdi - diýip Interfaks habar berýär.

Türkmen gazynyň Russiýa kompaniýasyna iberilmegi uzaga çeken arakesmeden soň 2019-njy ýylda 4 millard kub metr möçberinde gaýtadan dikeldidi, ol 2020-nji ýylda 4,7 millard kub metre ýetdi. 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde geçen ýylda 1,3 millard kub metr bolanlygyndan 2,2 millard kub metr boldy.

Özbegistan barada aýdylanda bolsa ol gaz satyjydan «Gazpromdan» gazy satyn alyja öwrüldi. Mysal üçin, Özbegistan «Gazproma» 2018-nji ýylda 3,8 millard kub metr, 2019-njy ýylda 4,9 millard kub metr gaz iberen bolsa, 2020-nji ýylda asla gaz bermesini goýdy. Galyberse-de, «Gazprom» 2020-nji ýyldan başlap, Özbegistana türkmen gazyny iberip başlady: 2020-nji ýylda 0,9 millard kub metr, 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda eýýäm 1,5 millard kub metr gaz ugradyldy.

Hünärmenleriň pikirine görä, munuň özi Özbegistanyň özünde tebigy gazy ulanmagyň artmagy bilen baglanyşyklydyr.