Düýn – 6-njy dekabrda paýtagtymyzda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylarynyň Türkiýe Respublikasynyň «BOTAŞ» kompaniýasynyň Baş direktory Abdulwahid Fidanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmen we türk halklarynyň gatnaşyklary müňýyllyklardan gözbaş alyp, birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda ilerledilýär. Türkiýe Türkmenistanyň esasy we ygtybarly söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir. Ýangyç-energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyk, energiýa serişdeleriniň eksport edilmegi hem özara bähbitli, deňhukukly gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarydyr.
Duşuşygyň ahyrynda döwletara hyzmatdaşlygyň iki ýurduň we olaryň doganlyk halklarynyň bähbidine geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.