milli goshun logo
Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar
Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar
25.01.2020 699 Habarlar

24-nji ýanwarda Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde wise-premýer Ç.Purçekow gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ornaşdyrmak boýunça Energetika ministrligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet energetika institutynyň ýanyndaky ylmy-önümçilik merkezinde «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereginde gün we ýel energiýasyny peýdalanmak meseleleri boýunça degişli hasaplamalar geçirildi. Şol işleriň netijesinde, çäreleriň meýilnamasy taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, biziň tebigy-howa şertlerimiziň gaýtadan dikeldilýän energiýany giňden peýdalanmak üçin örän amatlydygyny belledi. Bu giň gerimli taslamanyň amala aşyrylmagynyň ýurdumyzyň alys ýerlerindäki ilatly ýerleriň bökdençsiz elektrik üpjünçiligini ýola goýmaga mümkinçilik berjekdigini aýratyn nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen teklipleri makullap, şol taslamalaryň tehniki taýdan seljerilmegini hem-de ekologiýa nukdaýnazaryndan hemmetaraplaýyn öwrenilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi.