26-njy
sentýabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň
ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygyna bagyşlanan konserti boldy.
Şu konsertiň
tapawutly aýratynlygy türkmen sungatynyň baý kuwwatyny şöhlelendirýän
çykyşlaryň köp dürlüliginden ybaratdyr. Konsertdäki köp öwüşginli çykyşlar
2019-njy ýylyň «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýen şygary bilen berk
baglanyşyklydyr.
Joşgunly
çykyşlarda Garaşsyz Watanymyz hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň
ägirt uly özgertmeleriniň başyny başlan milli Liderimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň beýik işleri, mähriban topragymyzyň gözelligi, müdimi adamzat
gymmatlyklary wasp edildi.
Ýurdumyzyň
meşhur döredijilik toparlary, belli halk aýdymçylary, opera ussatlary hem-de
türkmen estradasynyň ýyldyzlary, folklor toparlary öz ussatlyklaryny
görkezdiler.
Olaryň
tomaşaçylara sowgat beren ajaýyp çykyşlary, ýerine ýetirijilik zehini zalda uly
gyzyklanma döretdi, döwrebap audioşekilli tehnologiýalaryň ulanylmagy bolsa
baýramçylyk dabarasynyň öwüşginini has-da artdyrdy.
Konsertde
ýurdumyzyň welaýatlarynyň ählisiniň folklor toparlary «Bäş welaýat — bäş dogan,
bir supranyň başynda» atly kompozisiýany ýerine ýetirdiler. Bu çykyş döwürleriň
we nesilleriň aýrylmaz ruhy baglanyşygyny, döredijiligiň joşgunyny
alamatlandyrdy.
Bu ýerde
guralan dabaranyň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň agtygy Kerimiň döreden
sazyna täze aýdymyň ýaňlanmagy özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.
***
Garaşsyzlyk
baýramy mynasybetli dabaralar agşam «Aşgabat» köp ugurly sport toplumynyň
merkezi stadionynda dowam etdi. Bu ýerde Türkmenistanyň häzirki döwürde
gazanýan üstünliklerini beýan edýän dürli mazmundaky çykyşlary özünde jemleýän
aýdym-sazly baýramçylyk tomaşasy ýaýbaňlandyryldy.