milli goshun logo
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de halkyna
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de halkyna
01.10.2019 772 Habarlar

Hormatly ýaşulular!

Eziz watandaşlar!

Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň jemgyýetçilik durmuşynda uly orny eýeleýän Ýaşulularyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biz mähriban halkymyzy döredijilikli işlere galkyndyrýan, belent maksatlara jebisleşdirýän şanly seneleri hem-de baýramlary many-mazmun taýdan has-da baýlaşdyrýarys. Milli senenamamyzda mynasyp orny eýeleýän, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen Ýaşulularyň halkara güni hem mähriban halkymyzy döredijilikli täze maksatlara, beýik işlere ruhlandyrýar. Ýaş nesillerimizde milli buýsanjy, ynsanperwerligiň, hoşniýetliligiň we ýagşylygyň belent häsiýetlerini terbiýeleýär. Däp bolşy ýaly, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda hem ýaşuly nesillerimize bolan belent sarpamyzy alamatlandyrýan bu halkara baýramy dünýä bileleşigi bilen birlikde parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz Watanymyzda ýokary ruhubelentlik bilen belleýäris.

Parasatly öwütleri, dana nesihatlary bilen agzybirligimizi pugtalandyrmaga, ýaş nesillerimizi merdanalygyň we ynsanperwerligiň belent milli ruhunda terbiýelemäge saldamly goşant goşýan ýaşuly nesle — hormatly ýaşulularymyza, mähriban enelerimize çäksiz hormatyň nyşany hökmünde paýtagtymyz Aşgabady, welaýatlarymyzy, etraplarymyzy, obadyr şäherlerimizi gurşap alýan çuňňur many-mazmunly, ýokary döredijilik ruhly çärelere badalga berlip, bu halkara baýramyň ähmiýeti has-da artdyrylýar. Munuň özi Ýaşulularyň halkara gününiň jebisligimizi we rowaçlygymyzy has-da pugtalandyrmakdaky, nesilleri zähmetsöýerlik, ahlaklylyk ýörelgelerine laýyklykda terbiýelemekdäki ornuny ýokarlandyrýar. Şonuň bilen birlikde, parahat, abadan, bagtyýar durmuşymyzy hem dabaralandyrýar.

Mähriban watandaşlar!

Ýurdumyzyň halkynyň, her bir raýatynyň we döwletiň bähbidi biziň alyp barýan syýasatymyzyň esasyny düzýär. Şoňa görä-de, «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarymyza laýyklykda mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýynyň hem-de abadançylyk derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagy, ata Watanymyzyň syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ynamly ösýän döwletleriň biri hökmünde dünýäde doly ykrar edilmegi üçin milli maksatnamalarymyzy, giň gerimli özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyrýarys.

Berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygynyň esaslaryny berkitmäge, ýurdumyzyň ykdysady, medeni, ylym-bilim kuwwatyny artdyrmaga ýardam berýän giň gerimli işlerimizde her bir raýatymyzyň, aýratyn hem, ýaşuly nesillerimiziň bähbidini göz öňünde tutýarys. Olaryň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýäris.

Biz ykdysadyýetimizi pudaklaýyn diwersifikasiýalaşdyrmaga we dünýäniň ählumumy ösüşinde eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga, sanly ykdysadyýeti döretmäge gönükdirilen «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen belent wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrýarys. Merdana halkymyzyň eşretli durmuşynyň hatyrasyna täze şäherleri, etraplary, döwrebap obadyr şäherçeleri, ösen tehnologiýalara, innowasiýalara esaslanýan iri senagat kärhanalaryny gurýarys, bäsleşige ukyply, döwrümiziň ýokary tehnologik talaplaryna laýyk gelýän ykdysadyýeti döredýäris.

Döwlet syýasatymyzyň möhüm ynsanperwer ugurlarynyň biri hökmünde biz ýaşulularymyza uly sarpa goýýarys, olar üçin durmuşyň mynasyp derejesini we hilini üpjün edýäris. Türkmenistanyň 2020 — 2024-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat we ösüş boýunça Komissiýasynyň agzalygyna saýlanmagy durmuş-ykdysady özgertmelerimiziň oňyn netijeleri berýändigine hem-de ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygyna şaýatlyk edip, Garaşsyz we Bitarap döwletimize uly abraý getirýär.

Hormatly ýaşulular!

Jebisligimizi we agzybirligimizi pugtalandyrmakda, ata-babalarymyzyň zähmetsöýerlik hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerini mynasyp dowam etdirmekde, ähli gujur-gaýratyny mähriban Watanymyzyň berkararlygyny has-da pugtalandyrmaga bagyş etjek ýaş nesilleri terbiýelemekde hormatly ýaşulularymyz biziň esasy daýanjymyz bolup durýar. Ýaşuly nesillerimiziň watansöýüjilik, adalatlylyk, halallyk hakyndaky öwüt-nesihatlary jemgyýetimiziň asudalygyny hem-de agzybirligini pugtalandyrýan görelde mekdebidir.

Hormatly ýaşulular!

Eziz watandaşlar!

Sizi Ýaşulularyň halkara güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size berk jan saglyk, uzak ömür, asuda we abadan durmuş, egsilmez bagt, bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.