Hormatly Watan goragçylary!
Sizi «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen
ýylyň ilkinji günlerinde bellenýän Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň
döredilmeginiň 27 ýyllygy we Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden
gutlaýaryn.
Bu baýram döwletimiziň garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny,
çäk bitewüligini we konstitusion gurluşyny gorap saklaýan Ýaragly Güýçlerimiziň
merdana gerçeklerine bildirilýän uly ynamyň, çäksiz hormatyň we olar hakda
edilýän aladalaryň aýdyň nyşanydyr.
Biz ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, gazanylan
üstünlikleri, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, dünýäniň
döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmek, ýaş nesli Watanymyza bolan
çäksiz söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemek, amala aşyrylýan taryhy işleriň
ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, 2019-njy ýyly «Türkmenistan — rowaçlygyň
Watany» diýip yglan etdik. Bu ýylda ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp
ösmegine, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen
maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrmakda merdana halkymyzyň Watanymyza
bolan söýgüsiniň we yhlasly zähmetiniň biziň güýç-kuwwatymyzy has-da
artdyrjakdygyna, döwletimizi rowaçlyklara beslejekdigine berk ynanýaryn.
Ýurdumyzy senagat taýdan kuwwatly, durmuş-ykdysady taýdan
ösen döwlete öwürmekde, uly ösüşleri gazanmakda we belent sepgitlere ýetmekde
Watan goragçylarynyň mynasyp orny bardyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk
döwründe ähli üstünliklerimiziň, ykdysady we medeni-ruhy ösüşlerimiziň,
halkymyzyň hal-ýagdaýynyň, durmuş derejesiniň ýokarlanmagynyň binýady bolan
mukaddes Garaşsyzlygymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy ygtybarly goramak, ata
Watana wepaly gulluk etmek ýaly mukaddes borç siziň paýyňyza düşýär.
Siziň bu belent borjy hemişe päk ýürek bilen ýerine
ýetirjekdigiňize, Watana wepalylygyň beýik nusgasyny görkezjekdigiňize, türkmen
halkynyň watansöýüjilik, edermenlik, gaýduwsyzlyk we mertlik ýaly asylly
häsiýetlerini harby däp-dessurlar arkaly berkitmekde ukyp-başarnygyňyzy
gaýgyrmajakdygyňyza berk ynanýaryn!
Biz halkara gatnaşyklarda hemişelik Bitaraplyk hukuk
ýagdaýyna berk eýerýäris. Dünýäniň döwletleri we halklary bilen dostlukly,
hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny alyp barýarys. Bu ýörelgeler mähriban
halkymyzyň milli bähbitlerine, Bitarap döwletimiziň daşary syýasy ösüş
ugurlaryna doly laýyk gelýär. Döwletimiz bu ugurda dünýä ýurtlary, halkara we
sebit guramalary bilen parahatçylygyň we ylalaşygyň pugtalandyrylmagy üçin tagallalary
birleşdirýär, özara düşünişmäge hem-de ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklary
yzygiderli ösdürýär. Sebäbi bu biziň halkara syýasatymyzyň strategik ugrudyr.
Siz geljekde eziz Watanymyzyň ykdysady hem-de syýasy
bähbitleriniň ygtybarly goragyny amala aşyryp, harby kasama ygrarly bolup,
döwletimiziň çäk bitewüligini üpjün etmegiň harby-syýasy, harby-ykdysady we
harby-strategik esaslaryny kesgitleýän Harby doktrinamyzyň ýörelgelerini,
maksatlaryny we wezipelerini üstünlikli berjaý etmelisiňiz. Çünki bu mukaddes
borç we jogapkärli wezipe Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçylaryna
ynanylandyr.
«Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgeden ugur alnyp,
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we
işgärleriniň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleri barha
gowulandyrylýar. Şu maksat bilen, täze binalar we desgalar gurulýar.
«Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda hem has oňaýly
ýaşaýyş jaýlaryndan 538 öýüň Watan goragçylaryna berilmegi muňa aýdyň şaýatlyk
edýär.
Biz geljekde hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki
goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge we döwrebaplaşdyrmaga,
berkarar Watanymyzyň edermen goragçylary üçin zerur bolan ähli şertleri
döretmäge aýratyn üns bereris.
Hormatly Watan goragçylary!
Siz mundan beýläk hem harby borjuňyzy Garaşsyz, hemişelik
Bitarap Türkmenistanyň Harby doktrinasyna laýyklykda alyp barmalysyňyz,
döwletimizi goramagy ähli zatdan belentde goýmalysyňyz, ata Watanymyzyň,
mähriban halkymyzyň polat galkany, sarsmaz galasy bolmalysyňyz. Şöhratly
taryhymyzda öçmejek yz galdyran merdana pederlerimiziň, ýurt goran
gerçeklerimiziň watansöýüjiligini, edermenligini, gaýduwsyzlygyny we mertligini
mynasyp dowam etdirmelisiňiz.
Sizi Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilmeginiň 27
ýyllygy we Watan goragçylarynyň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden
gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt, abadan we
bagtyýar durmuş, mukaddes harby gullugyňyzda uly üstünlikleri we rowaçlyklary
arzuw edýärin.