milli goshun logo
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň senagat işgärlerine
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň senagat işgärlerine
20.10.2019 514 Habarlar

Hormatly senagat toplumynyň işgärleri!

Sizi bedew batly ösüşlere we rowaçlyklara beslenýän Garaşsyz Watanymyzyň täze taryhynyň senenamasyna şanly baýramlaryň biri hökmünde giren Senagat işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bäsleşige ukyply, dünýä bazarynda uly islegli senagat harytlaryny öndürmekde, döwlet we halkara ähmiýetli ulag-üstaşyr geçelgeleriniň, transmilli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşyklarynda siziň gazanan üstünlikleriňizi, çekýän halal we tutanýerli zähmetiňizi dabaralandyrýan bu hünär baýramy «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda ýurt derejesinde giňden we dabaraly bellenýär.

Garaşsyz Watanymyzyň XXI asyryň Beýik Ýüpek ýoluny döretmäge goşýan goşandy sebitiň ýurtlaryny durnukly ösüşe we parahatçylyga alyp barýar. Sebitiň ulag-üstaşyr merkeziniň wezipesini berjaý etmek maksady bilen, bu ugurda uly göwrümli işleri durmuşa geçirýär. Ýurdumyzyň çäginden geçýän halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň ösdürilmegi Aziýa we Ýewropa döwletleriniň arasynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyryp, sebitde söwda-ykdysady we maglumat-kommunikasiýa ulgamynyň ygtybarly we bökdençsiz işlemegini üpjün eder.

Eziz watandaşlar!

Ata Watanymyzda halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmaga gönükdirilen tutumly başlangyçlar senagat pudaklarynyň okgunly ösüşine itergi berýär.

Geljegi uly hem-de eksport ugurly bu pudaklarda täze ykdysady belentliklere çykmaga, halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň maksatlary öz beýanyny tapýar.

Dokma pudagynyň öndürýän pagta süýümi, dürli ýüplüklerdir matalar, örme önümleri, olardan taýýarlanan tikin we trikotaž önümleriniň hem-de aýakgaplaryň eksporta iberýän harytlarymyzyň agramly bölegini tutýandygy ýurdumyzyň dünýäde iri dokma senagatly döwletleriň birine öwrülendiginiň subutnamasydyr. Ýokary tehnologik enjamlar bilen üpjün edilen pudagyň kärhanalary daşary ýurt harytlarynyň ornuny tutýan önümleriň köpdürlüligini hem-de ýokary hilli dokma önümleriniň möçberlerini yzygiderli artdyrýar.

Ata Watanymyzyň baý tebigy gorlaryna hem-de bu ugurda döredilen ýokary tehnologiýaly düzüme daýanýan himiýa toplumyny ösdürmek barada hem yzygiderli aladalar edilýär. Munuň özi içerki sarp edijileriň isleglerini doly derejede kanagatlandyrmak bilen bir hatarda, daşary ýurt bazarlarynda uly isleg bildirilýän önümleriň eksport edilişini hem yzygiderli artdyrýar.

Berkarar döwletimizde täze, döwrebap tehnologik enjamlar bilen enjamlaşdyrylan senagat kärhanalary gurulýar, bar bolanlaryň durky täzelenýär we düýpli kämilleşdirilýär. Bu desgalarda öndürilýän zerur gurluşyk materiallary bolan sement, magdan däl materiallary, metal önümleri, aýna, diwar materiallary, gurnama demirbeton we iri panelli jaý gurluşyk önümleri, keramzit, kaolin, gips we maşyngurluşyk önümleri diňe bir içerki bazarlarymyza iberilmän, eýsem, daşary ýurtlara hem uly möçberde eksport edilýär.

Hormatly senagat toplumynyň işgärleri!

Mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolan Watanymyz iň kämil ulaglar düzümini we häzirki zaman telekommunikasiýa ulgamyny kemala getirmek üçin hem uly serişdeleri gönükdirip, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek üçin berk binýat döretdi. Dünýäniň ösen döwletleriniň biri hökmünde ýurdumyzyň esasy we barha kämilleşýän ulag-aragatnaşyk ulgamy yzygiderli ösdürilýär. Ýurt we sebit ähmiýetli täze ýollar gurulýar, içerki we halkara gatnawlary ýola goýlup, kuwwatly häzirki zaman ulaglary satyn alynýar. Toplumyň pudaklaryna innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylyp, täze kärhanalar we iş ýerleri açylýar.

Durnukly multimodal üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegi awtomobil, demir ýol, deňiz we derýa hem-de howa ýollary ulgamlaryny utgaşdyrýan bir bitewi ulag ulgamyny emele getirmekde möhüm bolup durýar. Logistik merkezleriň we deňiz portlarynyň, halkara howa menzilleriniň işiniň utgaşdyrylmagy sebitara hem-de halkara derejede ykdysady taýdan ösüşi gazanmaga ýardam edýär. Aragatnaşyk ulgamyna hem dünýäniň iň soňky gazananlarynyň, döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynyň mümkinçilikleriniň artmagyna, täze ylmy taslamalaryň durmuşa geçirilmegine mümkinçilik berýär.

Häzirki döwürde Bitarap Watanymyz özüniň parahatçylyk söýüjilikli, dünýä döwletleri bilen hoşniýetli, ynsanperwer syýasatyna daýanyp, ulag-logistika hyzmatynyň çäginde transkontinental ulag-üstaşyr taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. Halkara geçelgeleri döretmek boýunça dünýäniň abraýly guramalarynyň mejlislerinde dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe bolýan teklipleri bilen çykyş edýär. Halkara gatnaşyklarda, şol sanda BMG-niň çäklerindäki gatnaşyklarda işjeň orny eýeläp, anyk başlangyçlary öňe sürýär, daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen transmilli ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça giň gerimli taslamalary amala aşyrýar.

Hormatly senagat we kommunikasiýa toplumynyň işgärleri!

Sizi Senagat işgärleriniň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, uzak ömür, abadan we bagtyýar durmuş, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.