Hormatly nebitçiler,
gazçylar we geologlar!
Siziň ähliňizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň
“Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda giňden bellenýän Nebitgaz
senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň
her biriňize berk jan saglyk, abadançylyk, eziz Diýarymyzyň milli
ykdysadyýetini pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan
beýläk-de gowulandyrmak ugrunda alyp barýan işleriňizde üstünlikleri arzuw
edýärin.
Türkmenistan Watanymyz ägirt uly tebigy baýlyklara eýe
bolmak bilen, iri energiýa serişdelerini öndüriji ýurt we ygtybarly hyzmatdaş
hökmünde bütin dünýäde uly abraýdan peýdalanýar. Biz öz tebigy baýlyklarymyzy
diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, bütin adamzadyň abadan durmuşynyň, ýagty
geljeginiň hatyrasyna gönükdirýäris. Muňa nebitgaz toplumynda amala aşyran we
amala aşyrýan iri taslamalarymyz, hususan-da, dünýäde uly gyzyklanma döredýän
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy
aýdyň mysal bolup biler. Häzirki wagtda bu iri transmilli gaz geçirijisiniň
gurluşygy ýokary depginlerde alnyp barylýar. Geljekde hem ýangyç-energetika
toplumynda şunuň ýaly sebit we dünýä ähmiýetli täze taslamalary durmuşa
geçirmek biziň döwlet syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň biri bolar.
Biz nebitgaz toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmagy, onuň
düzümini täze döwrebap önümçilikleri döretmegiň hasabyna baýlaşdyrmagy maksat
edinýäris. Bu babatda tebigy gazy gaýtadan işläp, täze önümleri öndürmegi ýola
goýmaga uly ähmiýet berýäris. Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda hem
bu ugurda uly işler durmuşa geçirilýär. Olaryň hatarynda şu ýyl gurlup,
ulanmaga berlen Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesindäki ýylda 386 müň tonna
polietilen we 81 müň tonna polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumyny, şeýle hem
Ahal welaýatynyň Owadandepe şäherçesinde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp
barylýan tebigy gazdan ýylda 600 müň tonna “Euro — 5” ölçegiň ekologiýa
talaplaryna laýyk gelýän A-92 görnüşli ýokary hilli benzin öndürjek zawody
görkezmek bolar. Bu iri önümçilikleriň ählisi ýurdumyzyň sebitlerini
toplumlaýyn senagatlaşdyrmaga we täze iş orunlaryny döretmäge hem-de dünýäde
uly isleg bildirilýän harytlary öndürmegiň hasabyna milli ykdysadyýetimizi
kuwwatlandyrmaga ýardam berer.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda nebithimiýa pudagyny ösdürmäge hem
uly üns berilýär. Bu ugry ösdürmek, baý uglewodorod serişdelerini netijeli
ulanmak, energiýa serişdeleriniň gaýtadan işlenýän we eksport edilýän
möçberlerini artdyrmak biziň esasy maksatlarymyzyň biridir. Türkmenbaşydaky
nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda “Euro — 5” standartlaryna laýyk
gelýän
«EKO — 5» kysymly milli dizel ýangyjynyň hem-de polipropilen
örtüginiň öndürilip başlanmagy hem bu aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär.
Gadyrly nebitgaz we
geologiýa pudagynyň
zähmetsöýer işgärleri!
«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla
çenli döwür üçin Maksatnamasynda» pudakda önümçiligiň derejesini has-da
ýokarlandyrmaga gönükdirilen zerur çäreleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.
Bu bolsa ählumumy hem-de sebit derejelerinde ýurdumyzyň energetika
howpsuzlygyny, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen berk baglanyşyklydyr.
Munuň üçin nebit we gaz ýataklarynda netijeli, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk
gelýän täze tehnologiýalar boýunça iş alyp barmak zerurdyr.
Gujur-gaýratly, zähmetsöýer türkmen nebitçileriniň,
gazçylarynyň, geologlarynyň meýilleşdirilen ähli wezipelere abraý bilen hötde
geljekdiklerine berk ynanýaryn.
Hormatly nebitçiler,
gazçylar we geologlar!
Sizi Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen
ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk,
asuda we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, mähriban
halkymyzyň nurana geljeginiň hatyrasyna alyp barýan işleriňizde uly
üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW