Hormatly Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri!
Sizi Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärleriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Siz mukaddes borjy berjaý etmek — Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň milli howpsuzlygyny üpjün etmek, jemgyýetimiziň asudalygyny, jebisligini goramak bilen, jogapkärli hem-de hemişe hüşgärligi talap edýän wezipäni ýerine ýetirýärsiňiz. Eziz Diýarymyzyň milli howpsuzlygyny üpjün etmek, jemgyýetimiziň asudalygyny, jebisligini goramak ugrunda alyp barýan gullugyňyzda size üstünlikleri arzuw edýärin.
Hormatly Watan goragçylary!
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biz eziz Watanymyzyň has-da gülläp ösmegi, halkymyzyň durmuş-ýaşaýyş derejesini öňküden-de gowulandyrmak, kämil şahsyýetleri kemala getirmek ugrunda giň möçberli işleri amala aşyrýarys. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllyk baýramyny biz taryhyň sahypasyna altyn harplar bilen ýazylan hem-de ýazyljak wakalar, ajaýyp üstünlikler bilen garşylaýarys.
Döwlet Garaşsyzlygymyzyň 27 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisini üstünlikli geçirdik. Bu Maslahatda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylyp, kabul edilen kararlar halkymyzyň röwşen geljegi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.
Häzirki döwürde biziň içeri syýasatymyzyň ileri tutulýan ugry Türkmenistany senagat taýdan ösen ýurda öwürmekdir, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekdir. Muňa kabul edýän maksatnamalarymyz, amala aşyrýan iri taslamalarymyz aýdyň şaýatlyk edýär.
Biziň alyp barýan hoşniýetli goňşuçylyk, hemişelik Bitaraplyk syýasatymyz Türkmenistanyň dünýä syýasatynda eýeleýän ornuny has-da berkidýär. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan her ýylyň 12-nji dekabrynyň Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi hem ýurdumyzyň halkara derejedäki ýokary abraýynyň, hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň ýene-de bir gezek ählumumy ykrar edilmesidir.
Milli howpsuzlyk ministrliginiň merdana işgärleri!
Biz parahatçylygy durnukly ösüşiň berk binýady hasaplap, berkarar Watanymyzyň has-da gülläp ösmegi üçin ähli tagallalary edýäris. Gazanylýan uly ösüşler, ýetilýän belent sepgitler ýurdumyzyň howpsuzlygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýurdumyzyň abadançylygyny, halkymyzyň asuda durmuşyny ygtybarly goramak bolsa, ýurdumyzyň beýleki hukuk goraýjy we harby edaralarynyň şahsy düzümi bilen bilelikde siziň jana-jan borjuňyzdyr. Ýurdumyzyň milli howpsuzlygyny, konstitusion gurluşyny, çäk bitewüligini, ykdysady bähbitlerini, ylmy-tehniki we goranmak kuwwatyny gorap saklamakda siziň üstüňize aýratyn borç, uly jogapkärçilik düşýär.
Ýurdumyzyň mundan beýläk-de çalt depginler bilen ösmegi üçin siziň gujur-gaýratyňyzy, bilimdir tejribäňizi, ukybyňyzdyr başarnygyňyzy ata Watanymyzyň bähbitlerine, halkymyzyň abadançylygyna bagyş etjekdigiňize berk ynanýaryn. Häzirki döwrüň ählumumy wehimleri bolan halkara terrorçylygy, ekstremizm, neşe kontrabandasy ýaly howplaryň ýurdumyza aralaşmagyna ýol bermeli dälsiňiz. Beýleki hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde ýurdumyzyň howpsuzlygyny, jemgyýetimiziň asudalygyny, hukuk tertibini pugta üpjün etmek ugrunda alyp barýan işleriňizi has-da güýçlendirmelisiňiz.
Bu jogapkärli wezipeleriň hötdesinden gelmek üçin siz syýasy, hünär taýýarlygyňyzy, hüşgärligiňizi has-da artdyrmalysyňyz. Häzirki zaman ylymlaryndan, innowasion tehnologiýalaryndan gowy baş çykarmalysyňyz. Sagdyn durmuşyň kepili bolan sport bilen üznüksiz meşgullanyp, beden taýdan has-da kämilleşmelisiňiz.
Geçmişde ata-babalarymyz ýurt goragyny iň edermen, sagdyn, harby taýdan ýokary taýýarlykly, paýhasly ogullaryna ynanypdyrlar. Siz hem beýik pederlerimiziň, ýurt goran gerçeklerimiziň asylly ýörelgesine eýerip, eziz Watanymyzy, mähriban halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşyny ýokary hüşgärlik bilen goramalysyňyz. Kanunçylygyň goragynda berk durup, hukuk bozulmalara we jenaýata garşy barlyşyksyz göreş alyp barmalysyňyz. Siziň şu möhüm wezipeleri mundan beýläk hem uly abraý bilen ýerine ýetirjekdigiňize berk ynanýaryn!
Hormatly Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri!
Abadan ýurdumyzda Watan goragçylarynyň öz gulluk borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirmekleri we döwrebap şertlerde ýaşamaklary üçin oňaýly şertleri döredýäris. Biz bu ugurda alyp barýan işlerimizi geljekde hem dowam etdireris. Ministrligiň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, şahsy düzümiň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini öňküden-de ýokarlandyrmak boýunça mundan beýläk-de düýpli işleri amala aşyrarys.
Sizi Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärleriniň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan örän jogapkärli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!