milli goshun logo
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mähriban halkyna, zähmetsöýer babadaýhanlaryna, edermen gallaçylaryna
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mähriban halkyna, zähmetsöýer babadaýhanlaryna, edermen gallaçylaryna
09.07.2019 465 Habarlar

Mähriban halkym!

Edermen gallaçy babadaýhanlar!

Sizi berkarar ýurdumyzda galla taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli ýerine ýetirilip, 1 million 650 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň öndürilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň her biriňize berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny arzuw edýärin!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen daýhanlarynyň öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertleriň döredilmegi, olaryň halal zähmetine mynasyp baha berilmegi edermen daýhanlarymyzyň ene topraga yhlas siňdirip, ondan oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny öndürmeklerine we täze zähmet üstünliklerini gazanmaklaryna bolan höwesini has-da artdyrýar.

Gallaçy babadaýhanlarymyzyň ýylboýy çeken zähmetiniň netijesinde ýurdumyzda gazanylan bu uly üstünlik «Türkmenistan —rowaçlygyň Watany» diýip yglan eden ýylymyza mynasyp sowgatdyr, asuda durmuşda bagtyýar ýaşaýan halkymyzyň halal saçaklarynyň rysgal-berekedidir, barha ösýän-özgerýän we kuwwatlanýan döwletimiziň azyk bolçulygynyň, abadançylygynyň hem-de berkararlygynyň hakyky kepilnamasydyr.

Biz babadaýhanlarymyzyň öndürijilikli zähmet çekmekleri, toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmeti bilen baýamaklary üçin ähli zerur şertleri döredýäris. Şonuň bilen baglylykda, ekin meýdanlaryny işläp bejermekde, ýetişdirilen hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap almakda daýhanyň daýanjy bolan kämil, dünýäniň ýokary öndürijilikli oba hojalyk tehnikalaryny yzygiderli satyn alýarys. Topragyň berekedini artdyrýan mineral dökünler, tohumlar we ekinleriň zyýankeşlerine garşy ulanylýan himiki serişdeler bilen daýhanlarymyzy ýeňillikli bahalardan doly üpjün edýäris hem-de önüm öndürijiler bilen tabşyrylýan önümler üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirýäris. Bu bolsa ýurdumyzyň babadaýhanlarynyň ýokary öndürijilikli zähmet çekmeklerine we ene toprakdan oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmeklerine uly ýardam edýär.

Eziz watandaşlar! 

Merdana babadaýhanlar!

Biz daýhanlarymyzyň tutanýerli zähmeti bilen ösdürilip ýetişdirilen galla hasylynyň ýekeje dänesini hem zaýa etmän, bildirilýän talaplara laýyklykda saklamak üçin, ýurdumyzyň welaýatlarynda döwrebap elewatorlary hem-de un, unaş, çörek we çörek önümlerini öndürýän önümçilik toplumlaryny yzygiderli gurup, ulanmaga berýäris. Bu döwrebap elewatorlaryň we önümçilik toplumlarynyň gurulmagy ýurdumyzda öndürilýän galla hasylynyň möçberlerini artdyrmaga hem-de döwletimizde azyk bolçulygyny has-da berkitmäge uly mümkinçilikleri döredýär.

Halkymyzyň ýokary ruhubelentlik bilen çekýän döredijilikli zähmetinden rowaçlanýan eziz Diýarymyz bu gün ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýar. Biz ýurdumyzda beýleki pudaklar bilen bir hatarda, oba hojalygyny ösdürmäge hem aýratyn üns berýäris. Çünki oba hojalygyny ösdürmek Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady binýadyny berkitmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ýokary depginler bilen ösdürmek ugrunda üstünlikli amala aşyrylýan özgertmeler, oýlanyşykly kabul edilýän çözgütler türkmen topragynda öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberlerini has-da artdyrmaga gönükdirilendir.

Hormatly oba hojalyk işgärleri! Edermen gallaçy babadaýhanlar!

Biziň baş maksadymyz ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekden ybaratdyr. Edermen babadaýhanlarymyz tarapyndan ata-babalarymyzyň asyrlarboýy sünnäläp, sungat derejesine ýetiren daýhançylyk käriniň häzirki zaman ylmynyň gazananlary bilen yzygiderli baýlaşdyrylmagy, ussat mehanizatorlarymyz tarapyndan dünýäniň ýokary öndürijilikli kämil tehnikalaryna başarnykly erk edilip, yhlasly zähmet çekilmegi netijesinde, bereketli türkmen topragyndan ekinleriň bol hasyly öndürilýär. Şonuň bilen bir hatarda, sahawatly türkmen topragyndan ak bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekde we ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almakda ussat gallaçy daýhanlarymyz tarapyndan ýokary netijeler gazanylýar.

Eziz watandaşlar! Edermen gallaçylar!

Bereketli topragymyzda ak bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekde tutanýerli zähmet çeken we ýokary netijeleri gazanan ussat gallaçylarymyzy hem-de oba hojalyk işgärlerimizi, şeýle hem ýetişdirilen bugdaý hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnap almakda hem-de ony ammarlara daşamakda yhlasly işlän kombaýnçylarymyzy, sürüjilerimizi we ähli watandaşlarymyzy gazanylan bu ajaýyp zähmet ýeňşi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Siziň her biriňize berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW