Hormatly Watan goragçylary!
Sizi
«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylyň ilkinji
günlerinde bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden
gutlaýaryn!
Bu baýram
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny,
özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny, döwlet
serhedimiziň mizemezligini goraýan, ýurdumyzyň goranmak ukybyny, howpsuzlygyny,
jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygymyzy we hukuk tertibini üpjün edýän
harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryna we işgärlerine
bildirilýän uly ynamyň, çäksiz hormatyň we olar hakynda edilýän aladalaryň
aýdyň nyşanydyr.
Berkarar döwletimiziň Watan goragçylary!
Biziň
döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasynyň
Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edildi. 2020-nji ýylda bolsa bu
abraýly halkara guramasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky»
Rezolýusiýasyny kabul edenine 25 ýyl dolýar. Hut şonuň üçin hem biz eziz
Watanymyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan
beýläk-de ýokarlanmagyna gönükdirilen ägirt uly taslamalaryň we taryhy
maksatnamalaryň ähmiýetini, döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny,
umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny dünýä ýaýmak, Türkmenistanyň
hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny şöhratlandyrmak, raýatlarymyzyň
watançylyk ruhuny has-da belende götermek, ýaş nesli Garaşsyz, hemişelik
Bitarap Türkmenistana uly buýsanç, çäksiz söýgi we wepalylyk ruhunda
terbiýelemek maksady bilen, 2020-nji ýyla «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany»
diýip at berdik.
Ata Watanymyzyň edermen goragçylary!
Siz eziz
Watanymyzyň harby howpsuzlygyny we çäkleriniň bitewüligini üpjün etmegiň
harby-syýasy, harby-ykdysady we harby-strategik esaslaryny kesgitleýän Harby
doktrinamyzyň ýörelgelerini, maksatlaryny we wezipelerini gündelik wezipe
borçlaryňyzy ýerine ýetireniňizde doly berjaý etmelisiňiz. Watanymyzyň we
dünýäniň taryhynda öçmejek yz goýan şahsyýetleriň, türkmen halkynyň beýik
ogullarynyň gahrymançylykly ýollaryny, söweş tärlerini we harby sungatyny
mynasyp dowam etdirmelisiňiz.
Siziň eziz
Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň häzirki hem-de geljekki ykbaly üçin
Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, dünýä bileleşigi tarapyndan
ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmak, milli
gymmatlyklarymyzy we bähbitlerimizi gorap saklamak, raýatlarymyzyň hukuklaryny
we azatlyklaryny kepillendirmek, jemgyýetde asudalygy we agzybirligi üpjün
etmek, demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň esaslaryny berkarar etmek ýaly
belent hem-de jogapkärli borja hemişe wepaly boljakdygyňyza, gerek bolsa bu
mukaddeslikler üçin şirin janyňyzy hem gaýgyrmajakdygyňyza berk ynanýaryn.
Merdana ýurt goragçylary!
Türkmenistan
döwletimiz adamzadyň parahatçylyk we ynsanperwer ýörelgeleriniň has-da
baýlaşdyrylýan, sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgeleriniň giňden ornaşdyrylýan
ýurdudyr. Hut şonuň üçin hem
biz döwletleri we halklary sport arkaly birleşdirmäge, dost-doganlygy has-da
berkitmäge çalyşýarys. Ýurdumyzda 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş
sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny hem-de 2018-nji ýylda Agyr atletika boýunça
dünýä çempionatyny geçirdik. Bu ýyl bolsa Futzal boýunça Aziýa çempionatyny,
Tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşynyň tapgyryny, şeýle hem
Sambo boýunça dünýä çempionatyny geçireris.
Siziň halkara derejesindäki bu
ýaryşlaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine mynasyp goşandyňyzy
goşjakdygyňyza, ýaryşlara gatnaşyp, üstünlikli çykyş edip, eziz Watanymyzyň
halkara abraýyny has-da belende göterjekdigiňize berk ynanýaryn.
Watanymyzyň wepaly ogullary!
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk
döwründe hem Watan goragçylarynyň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň
ýaşaýyş-durmuş, gulluk we iş şertlerini yzygiderli gowulandyrýarys. Ýurdumyzyň
harby we hukuk goraýjy edaralarynyň düzümini häzirki zamanyň iň kämil söweşjeň
ýaraglary, harby tehnikalary, kompýuter tehnologiýalary we sanly ulgamlary
bilen üpjün edýäris. Ýörite maksatly toparlara «Türkmen edermen» diýen ady
dakmak bilen, türkmen ojagynyň goragçysy, wepaly ýoldaşy hasaplanýan türkmen
alabaýynyň şekili ýerleşdirilen «Türkmen edermen» atly täze medaly döretdik.
Döwletimiz «Türkmenistan —
Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda hem ýurdumyzyň harby we hukuk
goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge we
döwrebaplaşdyrmaga, berkarar Watanymyzyň edermen goragçylarynyň göwnejaý gulluk
etmegi, ýaşamagy we dynç almagy üçin zerur bolan ähli şertleri döretmäge
aýratyn üns berer.
Hormatly Watan goragçylary!
Sizi Watan goragçylarynyň güni bilen
ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Siziň ähliňize berk jan saglyk,
uzak ömür, egsilmez bagt, abadan we bagtyýar durmuş, mukaddes we jogapkärli
gullugyňyzda uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Türkmenistanyň
Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW