Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!
Sizi
ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini, raýdaşlygy we hoşniýetliligi
rowaçlandyrýan mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Milli
däplerimize laýyklykda giňden bellenýän Oraza baýramynyň dabaralarynyň
kalbymyza egsilmez şatlyk, ylham-joşgun paýlap, Garaşsyz, hemişelik Bitarap
Türkmenistan döwletimizde täze, belent sepgitleri gazanmaga ruhlandyrjakdygyna
berk ynanýaryn.
Oraza
baýramy dünýäniň ençeme halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň
asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirip gelýän ruhy tämizlik we
ahlak arassalygy, ynsanperwerlik we hoşniýetlilik, şükranalyk ýaly müdimi ruhy
gymmatlyklaryny dabaralandyrýan iň gadymy baýramlarynyň biridir.
Ynsanperwerligi, hoşniýetliligi, dost-doganlygy, dogruçyllygy we päkligi ebedi
ýol-ýörelge edinen halkymyz beden we ruhy taýdan päklenmegiň keremli aýy
hökmünde mukaddes Oraza aýyna aýratyn sarpa goýýar.
«Türkmenistan
— Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylyň beden we ruhy taýdan
päklenmegiň keremli Oraza aýynda Beýik Allatagalanyň mukaddes kitaby bolan
Gurhany Kerime uýlup, adat-dessurlar berjaý edildi, agzaçar sadakalary berlip,
il-ýurduň asudalygy, Watanymyzyň abadanlygy, rowaçlygy üçin doga-dilegler
edildi. Mübärek Oraza aýynyň sahawaty we bereketi bilen birek-birege
hormat-sarpamyz, mähir-muhabbetimiz, jebisligimiz has-da pugtalandyryldy. Munuň
özi jemgyýetimiziň ruhy sagdynlygynyň, milletimiziň ahlak kämilliginiň,
agzybirligimiziň we jebisligimiziň binýadyny has-da pugtalandyrmak bilen,
kalplarymyza siňen milli ýörelgelerimiziň, däp-dessurlarymyzyň,
toý-dabaralarymyzyň dowamatlylygynyň üpjün edilýändigini tassyklaýar,
nesillerimizi watansöýüjiligiň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda
terbiýelemäge, şöhratly geçmişimize, şu günümize buýsanjy artdyrmaga,
geljegimize ynamly garamaga ýardam berýär.
Eziz watandaşlar!
Mähriban
halkymyzyň asyrlaryň dowamynda toplan we döreden ruhy hem-de maddy
gymmatlyklary, durmuş gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän ýörelgeleri, asylly
maşgala däpleri, ululara hormat goýmak, ata-enäni sylamak, myhmansöýerlik,
lebzihalallyk, adalatly bolmak ýaly ýörelgeleri milli terbiýäniň esasyny
düzýär. Şoňa görä-de, belent ruhy-ahlak ýörelgelerimiz, beýik ynsanperwer
däplerimiz, medeni-ruhy gymmatlyklarymyz esasynda jemgyýetimizi we döwletimizi
sazlaşykly ösdürmäge, agzybirligimizi we jebisligimizi berkitmäge uly üns
berýäris. Ynsanperwer ýörelgelerimizi häzirki döwrüň ruhuna laýyklykda
yzygiderli ösdürýäris hem-de mynasyp dowam etdirýäris.
«Döwlet
adam üçindir!» diýen ýörelgämize laýyklykda mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş
derejesiniň yzygiderli gowulandyrylmagy, abadançylygynyň berkidilmegi,
ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ynamly ösýän, abraýly
döwletleriň biri hökmünde dünýäde doly ykrar edilmegi üçin giň gerimli
özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyrýarys. Milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny
has-da artdyrmaga, geljegiň sanly ykdysadyýetini döretmäge gönükdirilen
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa
geçirýäris.
Berkarar
döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik,
dost-doganlyk ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirip, milli bähbitlerimize,
şeýle hem dünýä bileleşiginiň bähbitlerine we ählumumy parahatçylygyň,
howpsuzlygyň we abadançylygyň maksatlaryna doly laýyk gelýän maksada okgunly
syýasaty alyp barýarys. Bütin dünýäde parahatçylygyň we dostlugyň
pugtalandyrylmagyna, medeniýetleriň hem-de halklaryň ýakynlaşmagyna, eziz
Watanymyzyň has-da kuwwatlanmagyna, milli ýörelgelerimiziň dabaralanmagyna
mynasyp goşant goşmak biziň her birimiz üçin uly mertebedir.
Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!
Sizi
adamzadyň ahlak we ruhy päkligini dünýä ýaýýan mukaddes Oraza baýramy bilen
ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Goý,
mübärek Oraza aýynyň sahawatly günlerinde amal eden tagat-ybadatlaryňyz, beren
agzaçar sadakalaryňyz, merdana halkymyzyň agzybirligi we abadançylygy, dünýäde
abraýy barha belende galýan Garaşsyz Watanymyzyň berkararlygy hem-de rowaçlygy
üçin eden doga-dilegleriňiz Gudraty Güýçli Beýik Biribaryň dergähinde kabul
bolsun!
Size berk
jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, bedew bady bilen ösüşleriň täze
belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de
gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Türkmenistanyň
Prezidenti
Gurbanguly
BERDIMUHAMEDOW.