milli goshun logo
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
18.05.2021 733 Habarlar

Mähriban halkym!

Eziz watandaşlar!

Sizi ýokary ruhubelentlik bilen giňden hem-de dabaraly bellenýän şanly sene –— Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bu ajaýyp baýramçylygyň şanyna geçiriljek dabaralaryň mähriban halkymyzy beýik işlere galkyndyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, baky Bitaraplygymyzyň, bagtyýarlygymyzyň we rowaçlygymyzyň sarsmaz hukuk binýady bolan Konstitusiýamyz, buýsanjymyza öwrülen türkmen halysynyň gölleri, parahatçylygyň nyşany bolan zeýtun baldajyklary, agzybirligimizi we jebisligimizi alamatlandyrýan bäş ýyldyz we ýarymaý şekillendirilen, ýaşaýşy dabaralandyrýan ýaşyl reňkli Döwlet baýdagymyz biziň milli gymmatlygymyzdyr. Şoňa görä-de, beýik özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini öňe sürýän Bitarap Watanymyzda Konstitusiýamyza we Döwlet baýdagymyza watansöýüjilik duýgusyny, döredijilik hyjuwyny, zähmet joşgunyny belende göterýän mukaddeslikler hökmünde aýratyn sarpa goýýarys.

Biz jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edilen adamlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goragyny kepillendirýän Esasy Kanunymyzyň ynsanperwer kadalaryna esaslanyp, şeýle hem ýaşyl Tugumyzyň astynda mähriban halkymyzyň iň ýokary halkara ölçeglere laýyk gelýän şertlerde, bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagynyň, Garaşsyz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, dünýäniň ösen ýurtlarynyň birine öwrülmeginiň hatyrasyna giň gerimli maksatnamalarymyzy, durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyrýarys, ösýän ykdysadyýetli, kämil syýasy ulgamly, demokratik hem-de adalatly jemgyýeti gurýarys. Jemgyýetimiziňdir döwletimiziň ösüş tapgyryna, döwrüň talaplaryna görä, biz Konstitusiýamyzy yzygiderli kämilleşdirýäris. Ösüşlerimize buýsanyp, ýaşyl Baýdagymyzy belentden buýsançly parladýarys.

Eziz watandaşlar!

Ýurdumyzda konstitusion özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine we halkymyzyň abadançylygynyň gazanylmagyna gönükdirilendir. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň iki palataly ulgamynyň döredilmegi bilen, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň durmuşynda täze tapgyr başlandy.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» hem-de giň gerimli özgertmelerimize laýyklykda, Aşgabat şäherinde hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde halkara ölçeglere laýyk gelýän we ýokary öndürijilikli täze önümçilik desgalaryny, iri senagat toplumlaryny hem-de ulag-logistika düzümlerini döredýäris. Garaşsyz Diýarymyzyň ykdysadyýetiniň binýatlyk pudaklaryny we täze toplumlaryny tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrmak hem-de bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek üçin sanly ulgamy ösdürýäris. «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarymyzdan ugur alyp, mähriban halkymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny yzygiderli berkidýäris hem-de ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli gowulandyrýarys.

Berkarar döwletimiziň we mähriban halkymyzyň abadançylygyna hem-de milli bähbitlerimize gönükdirilen toplumlaýyn özgertmelerimiziň çäklerinde ylmyň we tehnologiýanyň öňdebaryjy gazananlaryny, iň gowy dünýä tejribelerini ornaşdyrmak arkaly, döwrebap şäherleri, şäherçeleri we obalary, häzirki zaman bilim we saglygy goraýyş edaralaryny, myhmanhanalarydyr iri senagat toplumlaryny, ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisini gurmakda nusgalyk işleri amala aşyrýarys. Bu işler gülläp ösüşiň, bagtyýar durmuşyň, döredijilikli zähmetiň gaýnap joşýan mekany, ynsan arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurdy hökmünde demokratik we dünýewi döwletimiziň dünýädäki abraýyny has-da belende göterýär.

Mähriban halkym!

Dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we Konstitusiýamyzda hemişelik berkidilen oňyn Bitaraplygymyzyň esasy kadalaryndan hem-de maksatlaryndan ugur almak bilen, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini öňe sürýän Garaşsyz döwlet hökmünde eziz Watanymyzyň halkara abraýyny yzygiderli ýokarlandyrýarys. Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalar, dünýä döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklarymyzy yzygiderli giňeldýäris.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi parahatçylygyň we dostlugyň berkarar bolmagy ugrundaky tagallalarymyzy bütin dünýä äşgär edýär. Geljekde hem biziň iň beýik maksadymyz ösen demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň — berkarar Watanymyzyň dünýä ösüşindäki eýeleýän ornuny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmakdan ybarat bolar.

Mähriban halkym!

Eziz watandaşlar!

Sizi Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, eziz Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow.