Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!
Sizi milli
senenamamyzda möhüm sene - Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň
Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Adamy
jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän
Konstitusiýamyza, şonuň ýaly-da mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň,
agzybirligimiziň hem-de jebisligimiziň ebedilik nyşany bolan Döwlet baýdagymyza
biz çäksiz buýsanýarys hem-de uly hormat goýýarys. Milli buýsanjymyza öwrülen
türkmen halysynyň gölleri, abadançylygyň we parahatçylygyň nyşany bolan zeýtun
baldajyklary, doganlygy hem-de jebisligi alamatlandyrýan bäş ýyldyz we ýarymaý
şekillendirilen, täzelenişi, ýaşaýşy dabaralandyrýan ýaşyl reňkli Döwlet
baýdagymyzyň saýasynda ata Watanymyzy beýik özgertmeleriň hem-de ösüşleriň ak
ýoly bilen öňe alyp barýarys. Oňyn bitaraplygymyzyň, parahatçylyk
söýüjiligimiziň, hoşniýetli goňşuçylygymyzyň, milli däplerimiziň we demokratik
taglymatlarymyzyň, şeýle hem giň möçberli durmuş-ykdysady, syýasy-hukuk
özgertmelerimiziň berk binýady hem-de kepillendirmesi bolan Konstitusiýamyz
esasynda hukuk we dünýewi döwleti, adalatly raýat jemgyýetini gurýarys.
Esasy
Kanunymyz hem-de belentde pasyrdaýan Döwlet baýdagymyz biziň şanly
geçmişimiziň, şöhratly döwrümiziň hem-de beýik geljegimiziň belentligini, agzybirligimiziň,
abraý-mertebämiziň synmazlygyny alamatlandyrýan milli gymmatlygymyzdyr.
Şoňa görä-de,
Aşgabat şäherinde Konstitusiýa binasynyň, Baýdak meýdançasynyň, welaýat
merkezlerinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda belent sütünli baýdak
meýdançalarynyň döredilmegi watansöýüjiligimizi hem-de jebisligimizi,
üstünliklerimizi we rowaçlyklarymyzy dabaralandyrýar, milli gymmatlyklarymyza
sarpamyzyň belentdigine we ebedidigine doly şaýatlyk edýär.
Eziz halkym!
Mundan ýigrimi
sekiz ýyl öň Konstitusiýamyzyň kabul edilmegi hem-de Döwlet baýdagymyzyň
döredilmegi bilen, Garaşsyz Watanymyzyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet
gurluşynyň esaslary, syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-jemgyýetçilik ösüşleriniň
binýady tutuldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bazar
ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçmegiň çäginde jemgyýetçilik-syýasy durmuşymyz
düýpli özgerip, döwletimiziň kanunçylyk esasy kämilleşdirildi. Halkymyzyň
ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli gowulanyp, täze konstitusion kadalar işlenip
taýýarlanyldy hem-de 2016-njy ýylda Konstitusiýamyzyň rejelenen görnüşi kabul
edildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda
geçirilen taryhy mejlisinde biz konstitusion özgertmeleriň täze tapgyryny yglan
etdik we ýurdumyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek boýunça başlangyjy öňe
sürdük. Biziň bu başlangyjymyzyň baş maksady jemgyýetimizde we dünýä
tejribesinde gazanylan üstünlikleri nazara alyp, Halk Maslahatynyň işini
kämilleşdirmekden hem-de kanun çykaryjy edara bolan Mejlisiň iki palataly gurluşyny
döretmekden ybaratdyr. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna
üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy
durmuşynda möhüm taryhy waka öwrüler.
Konstitusiýamyzyň
binýatlyk kadalaryna daýanyp, biz döretmäge bolan kuwwatymyz, gurmaga bolan
ukybymyz, beýik geljegimize bolan ynamymyz bilen berkarar döwletimizi öňe alyp
barýarys. Garaşsyz Diýarymyzy mundan beýläk-de depginli ösdürmäge,
ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga,
ilkinji nobatda bolsa, mähriban halkymyzyň asuda, abadan, bolelin hem-de
bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet we pudaklaýyn
maksatnamalaryň ençemesini kabul edip, olary üstünlikli durmuşa geçirýäris.
Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, welaýat merkezlerinde, etrapdyr obalarymyzda
senagat-önümçilik kärhanalaryny, medeni-durmuş maksatly binalary, döwrebap
ýaşaýyş jaýlaryny gurýarys. Amala aşyrylýan bu işler eziz Diýarymyzda ägirt uly
üstünlikleriň we ösüşleriň gazanylýandygyny aýdyň tassyklaýar.
Biz halkara
gatnaşyklarda Birleşen Milletler Guramasynyň Rezolýusiýalary bilen ykrar edilen
we Konstitusiýamyzda hemişelik berkidilen oňyn Bitaraplygymyzyň esasy
kadalaryndan hem-de maksatlaryndan ugur alyp, eziz Watanymyzyň halkara abraýyny
yzygiderli ýokarlandyrýarys. Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi,
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy we beýleki abraýly halkara guramalar, dünýä
döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklarymyzy
yzygiderli giňeldýäris.
Parahatçylygy
pugtalandyrmak, içerki ösüşleri we dünýä giňişliginde milli bähbitlerimizi
üpjün etmek boýunça tagallalary birleşdirýäris. Biz geljekde hem saýlap alan şu ýolumyz bilen
öňe gideris.
Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!
Sizi milli baýram — Türkmenistanyň
Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen ýene-de bir gezek tüýs
ýürekden gutlaýaryn!
Size berk jan saglyk, uzak ömür,
asuda we abadan durmuş, egsilmez bagt, ösüşleriň we rowaçlyklaryň ýurduna
öwrülen eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW