Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!
Sizi
mukaddes Oraza aýynyň kalplarymyzy tämizleýän, köňüllerimize nur çaýýan mübärek
Gadyr gijesi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Gudraty güýçli Beýik Biribaryň Mukaddes
Gurhany Kerimiň ilkinji aýatlarynyň iberen gijesiniň — Gadyr gijesiniň
haýyr-sahawatynyň we berekediniň, tagat-ybadatlarynyň hem-de ýakymly
pursatlarynyň agzybirligimizi we jebisligimizi pugtalandyryp, Garaşsyz,
hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde mähriban halkymyz bilen el-ele berip
berkarar eden iň uly üstünligimizi — parahat, abadan, bagtyýar durmuşymyzy
has-da dabaralandyrjakdygyna berk ynanýaryn!
Ynsanperwerlik,
agzybirlik, haýyr-sahawatlylyk, ak ýüreklilik, lebzihalallyk, zähmetsöýerlik,
belent ahlaklylyk baý medeniýeti döreden türkmen halkynyň gadymy döwürlerden
gözbaş alýan gymmatly ýörelgeleridir. Asyrlardan-asyrlara,
nesillerden-nesillere geçirilip, kämil derejä ýetirilen hem-de birek-birege
hormat we sarpa goýmak ýaly beýik ruhy gymmatlyklara öwrülen ýörelgeler
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban halkymyzyň kalbyny we
ruhuny tämizleýär, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyrýar. Şoňa
görä-de, halallyga, päklige, dogruçyllyga uýan ata-babalarymyzyň milli ýörelgelerini,
däp-dessurlaryny, ynançdyr adatlaryny rowaçlandyrýan baýramlary we şanly
seneleri giňden bellemek özboluşly däbe öwrüldi. Gadyr gijesine
rehim-şepagatlylygyň, haýyr-sahawatlylygyň, ruhy tämizligiň, päk ynanjyň,
ýokary ynsanperwerligiň dabaralanýan gijesi hökmünde aýratyn hormat goýulýar.
Halkymyzyň aňyna we durmuşyna berk ornaşan köpasyrlyk däplerimize laýyklykda,
bu mukaddes gijäniň hormatyna agzaçar sadakalary berlip, birek-birege hoş
sözler aýdylyp, abadan we bagtyýar durmuş, ýurt abadançylygy arzuw edilýär,
tarawa namazlary okalyp, ýagşy doga-dilegler edilýär.
Ynsanperwerlik,
adalatlylyk, rehimdarlyk halkymyzyň ruhy däpleriniň esasyny düzýär. Däp bolşy
ýaly, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda hem mukaddes Oraza aýynyň
sarpaly Gadyr gijesiniň hormatyna nesillerden-nesillere geçip gelýän
rehimdarlyk hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerimizden ugur alyp, jenaýat edip, iş
kesilenleriň günäsini geçýäris. Oraza baýramyna we Gadyr gijesine aýratyn
hormat-sarpa goýulmagy,
Beýik
Biribaryň kelamy mukaddes Gurhany Kerime uýlup, dini adatlaryň we dessurlaryň
berjaý edilmegi jemgyýetimiziň ynsanperwerligiň belent ýörelgeleri esasynda
kämilleşmegine döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýändigini aýdyň
görkezýär.
Eziz watandaşlar!
Biz
nesilleri baglanyşdyrýan we jebisleşdirýän gymmatlyklarymyza aýawly çemeleşmek
bilen, dünýä medeniýetiniň kemala gelmegine we baýlaşmagyna uly goşant bolan
beýik medeniýetimizi, maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy, ruhy-ahlak
ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirip, jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşini gazanýarys. Şu maksatdan ugur alyp,
döwlet syýasatynda, nesil terbiýesinde akyl-paýhaslylygyň ajaýyp sazlaşygy
bolan mirasymyzy, beden we ruhy tämizligine, ahlak arassalygyna aýratyn ähmiýet
beren pederlerimiziň asylly ýörelgelerini hemişelik nusga edinýäris. Mähriban
halkymyzyň döredijilikli zähmetine, ykdysadyýetimiziň kuwwatly
mümkinçiliklerine, pederlerimiziň asylly ýörelgelerine daýanyp, Türkmenistan
döwletimizi mundan beýläk-de ösüşiň täze belentliklerine çykarmaga aýratyn üns
berýäris, durmuş-ykdysady, medeni-bilim, jemgyýetçilik-syýasy özgertmelerimizi
üstünlikli amala aşyrýarys. Ýurdumyzyň gülläp ösmegi, obadyr şäherlerimiziň
keşbiniň özgermegi, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da
ýokarlanmagy üçin uly işleri amala aşyrýarys.
Biz dünýä
bileleşigi bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmagyň möhüm şerti hökmünde
halkymyzyň gadymy däpleriniň, medeniýetiniň, ruhy we maddy gymmatlyklarynyň
tutuş dünýäde wagyz edilmegine aýratyn ähmiýet berýäris. Şonuň bilen birlikde,
parahatçylyk, dostluk, ynsanperwerlik ýörelgelerimizi daşary syýasat
strategiýamyzyň möhüm şertleri hökmünde kesgitläp, giň halkara hyzmatdaşlyk
syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýäris. Ählumumy abadançylygyň hem-de
durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň bähbidine dünýä bileleşigi bilen
gatnaşyklarymyzy has-da giňeldýäris. Döwletleriň we halklaryň arasyndaky
medeni-ylmy gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleri
döredýäris. Bu işleriň ählisi adamzadyň dostluk we hoşniýetlilik ýörelgelerine
daýanýan ynsanperwer gatnaşyklarynyň täze mazmun bilen üstüniň ýetirilmegine ýardam
berýär.
Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!
Sizi
mübärek Gadyr gijesi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Goý, Gadyr
gijesinde Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň beýik geljegi, bagtyýar we asuda durmuşy
üçin edilen doga-dilegler, agzaçar sadakalary Gudraty güýçli Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!
Size berk
jan saglyk, egsilmez bagt, maşgala abadançylygyny, bedew bady bilen ösüşleriň
täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Watanymyzyň mundan beýläk hem
gülläp ösmegini arzuw edýärin!