Mähriban
halkym!
Eziz watandaşlar!
1995-nji ýylyň
12-nji dekabry Türkmenistanyň taryhyna örän möhüm syýasy seneleriň biri
hökmünde ýazyldy. Mundan ýigrimi dört ýyl ozal Birleşen Milletler Guramasynyň
Baş Assambleýasy tarapyndan taryhy Rezolýusiýanyň kabul edilmegi bilen
Türkmenistan döwletimiz hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe boldy. Bu
gysga taryhy döwrüň içinde Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda ýerleşýän
döwletimiz parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek
ugrunda dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen sazlaşykly
gatnaşyklary ýola goýmak, halkara hyzmatdaşlygyň düýbünden täze, netijeli
ýollaryny we ugurlaryny kemala getirmek babatynda gymmatly tejribeleri toplady.
Biz asyrlaryň
dowamynda kemala gelen parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerimizi
rowaçlandyrmak, Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de beýleki abraýly halkara
guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyga gönükdirilen başlangyçlary öňe
sürmek, syýasy, ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer ugurlarda halkara
taslamalarymyzy we maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmek bilen, Bitaraplyk
syýasatymyzyň dünýä üçin nusgalyk bolmagyny gazandyk.
Birleşen
Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit
merkezini ýerleşdirmek üçin Aşgabat şäheriniň saýlanyp alynmagy ählumumy
parahatçylygy goldamakda dünýä bileleşiginiň başlangyçlaryny we
maksatnamalaryny işjeň durmuşa geçirýän ýurt hökmünde Türkmenistan döwletimiziň
abraýyny has-da artdyrdy. 2015-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk
ýagdaýy» hakyndaky Rezolýusiýany täzeden makullamagy bilen, döwletimiziň
parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary hemmetaraplaýyn
pugtalandyrýan döwlet, ygtybarly hyzmatdaş hem-de parahatçylygyň merkezi
hökmündäki abraýy has-da belende göterildi.
Geljek
2020-nji ýylda biz uly we möhüm halkara ähmiýetli wakany — Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan dünýäde parahatçylyk söýüjilik,
hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, dünýä ýurtlary we halkara
guramalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmegi ileri tutýan Türkmenistanyň
Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 25 ýyllygyny ýokary derejede belläp geçeris.
Mähriban watandaşlar!
Bitaraplyk
biziň alyp barýan içeri we daşary syýasatymyzyň binýatlyk esasyny düzýän,
halkara gatnaşyklary many-mazmun taýdan baýlaşdyrýan we onuň ugurlaryny
kesgitleýän netijeli gurala öwrüldi. Bu gün parahatçylyga, döredijilige, ösüşe
gönükdirilen içeri we daşary syýasatymyzy, halkara ähmiýetli taslamalarymyzy,
düýpli özgertmelerimizi beýik maksada — Garaşsyz döwletimizi hemmetaraplaýyn
sazlaşykly ösdürmäge gönükdirýäris. «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarymyzyň
astynda ykdysadyýetimiziň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak, sanly ulgama geçmek
ugrundaky işler üstünlikli dowam etdirilýär. Täze şäherdir obalary,
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisini,
halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini, ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny, iri
innowasion senagat-önümçilik toplumlaryny gurýarys.
Berkarar
döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biz ýurdumyzyň geosyýasy we geoykdysady
mümkinçiliklerini parahat durmuşyň we döredijilikli ösüşiň hatyrasyna
gönükdirýäris. Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz
Döwletleriň Arkalaşygy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy,
Goşulyşmazlyk Hereketi ýaly abraýly halkara guramalar, Ýuwaş ummany we Aziýa
sebitleri, Orta we Ýakyn Gündogar, Ýewropa we Amerika ýurtlary bilen dürli
ugurlarda — syýasatda, ykdysadyýetde, ylym-bilimde, medeniýetde
gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmaga we çuňlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýäris.
Biziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, halkara
forumlarda suw, energetika we ulag diplomatiýasy boýunça öňe sürýän
başlangyçlarymyz dünýä bileleşiginiň Türkmenistana bolan halkara syýasy ynamyny
ýokarlandyrýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji
mejlisinde «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly
Kararnamanyň kabul edilmegi biziň parahatçylygyň we dostlugyň berkarar bolmagy
ugrundaky tagallalarymyzy bütin dünýä äşgär etdi.
Mähriban
halkym!
Eziz watandaşlar!
Sizi Halkara Bitaraplyk güni bilen
ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Size berk jan
saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, bedew bady bilen ösüşleriň täze
belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Watanymyzyň mundan beýläk hem
gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.