Eziz
halkym!
Hormatly
uruş weteranlary!
Sizi
1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy
bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýeňiş güni adamzadyň parahatçylyk söýüjilik,
dostluk, raýdaşlyk baradaky garaýyşlaryny has-da rowaçlandyrýan, nesillerde
watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent duýgularyny dabaralandyrýan
senedir. Şoňa görä-de, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Ýeňiş gününi
watansöýüjiligi hem-de gaýduwsyzlygy terbiýeleýän medeni-jemgyýetçilik çäreler,
beýik işlere ruhlandyrýan aýdym-sazly dabaralar bilen garşylaýarys.
Garaşsyz,
hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherindäki «Halk hakydasy»
ýadygärlikler toplumynda, ähli şäherdir obalarymyzdaky ýadygärliklerde doganlyk
halklar bilen birlikde urşuň agyr synaglaryny mertlik bilen başdan geçiren
halkymyzyň merdana wekillerini hormat-sarpa bilen ýatlaýarys. Sergidir
maslahatlary geçirip, tolgundyryjy duşuşyklary, gyzykly hem-de täsirli
söhbetdeşlikleri guraýarys. Ýaş nesillerimizi watansöýüjilik, ynsanperwerlik,
zähmetsöýerlik, maksada okgunlylyk, belent ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek
babatda parasatly wesýetleri, öwüt-ündewleri bilen mynasyp goşant goşýan uruş
weteranlaryna – agras hem salyhatly, parasatly hem mährem ýaşulularymyza, kümüş
saçly enelerimize gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlaryny gowşurmak dabarasyny
geçirýäris.
Mähriban
watandaşlar!
1941
– 1945-nji ýyllar adamzat taryhynyň iň pajygaly we hasratly döwri bolup,
faşizmiň basybalyjylykly, talaňçylykly, adalatsyz, rehimsiz syýasatynyň
netijesinde millionlarça ynsan bu nägehan urşuň pidasy boldy. Ýürek-bagry
erediji bu gowgaly döwürde maşgalalar atalardan we enelerden, ogullardan we
gyzlardan, doganlardan we uýalardan aýryldy. Şäherdir obalar ýer bilen ýegsan
edilip, parahat durmuşa, dünýä ykdysadyýetine, ylymlaryň we bilimleriň, medeniýetleriň
we sungatlaryň ösüşine uly zarba uruldy. Doganlyk halklar bilen birlikde,
türkmen halky hem bu ýowuz süteme garşy gaýduwsyz göreş alyp bardy. Merdana
watandaşlarymyz geljekki nesilleriň parahat, asuda durmuşda ýaşamagynyň
hatyrasyna söweş meýdanlarynda edermenligiň, batyrlygyň we gaýduwsyzlygyň
belent nusgasyny görkezip, Gahryman adyna mynasyp boldular, ordendir medallar
bilen sylaglandylar. Örän elhenç uruş ýyllarynda türkmenistanly zähmetkeşler,
zenanlar, gojalar, çagalar Ýeňşe bolan ynam, durmuşa, Watana çäksiz söýgi
bilen, tutanýerli we gaýratly zähmet çekip, Beýik Ýeňşiň gazanylmagyna mynasyp
goşantlaryny goşdular. Türkmenistanyň gelin-gyzlary Goranmak gaznasyna köp
mukdarda gymmatly şaý-seplerini tabşyryp, müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan zähmetsöýerlik
hem-de hoşniýetlilik, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, arassa ahlaklylyk ýaly
mukaddes ýörelgelerimizi dabaralandyrdylar.
Ýyllaryň,
nesilleriň baglanyşygyny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, dünýäniň ähli
halklarynyň häzirki we geljekki nesilleriniň parahat, bagtyýar geljegi üçin
şirin janlaryny gurban eden türkmenistanly gahrymanlarymyzyň atlary «Hatyra»
kitabynda, ot-ýalynly söweş ýollaryny geçip, öýlerine ýeňiş bilen gaýdyp gelen
gaýduwsyz watandaşlarymyzyň atlary bolsa «Şöhrat» kitabynda ebedileşdirildi.
Merdana
ata-babalarymyzyň gahrymançylygy mukaddes Watanymyza, halkymyza we tutuş
adamzada ak ýürekden gulluk etmegiň nusgalyk mekdebidir. Şoňa görä-de, gazaply
uruş ýyllarynyň güzaplary, jebir-jepalary, ýetiren zyýany, bu döwrüň taryhynyň gahrymançylykly
sahypalary hiç wagt unudylmaz! 1941 – 1945-nji ýyllaryň aldym-berdimli
söweşlerinde edermenligiň we gaýduwsyzlygyň, baky hormatyň hem-de ebedi
şöhratyň beýik nusgasyny döreden gahrymanlarymyz kalbymyzda baky ýaşar!
Hormatly
uruş weteranlary!
Eziz
halkymyzyň gujur-gaýraty, döredijilikli we tutanýerli zähmeti, aýratyn-da,
ýaşuly nesillerimiziň watansöýüjilik, ynsanperwerlik, lebzihalallyk hakyndaky
pähim-parasatly öwüt-ündewleri, wagyz-nesihatlary, baý durmuş ýollary
agzybirligimiziň hem-de jebisligimiziň berk binýadydyr. Hormatly
weteranlarymyzyň bütin durkuň bilen Watanymyzyň mukaddesliklerine uýmak,
agzybirligimiziň, jebisligimiziň, abraý-mertebämiziň synmazlygyny gorap
saklamak, ynsan mertebesini belent tutmak, ak ýürekli, lebzi halal, zähmetsöýer,
belent ahlakly bolmak, manyly ömür sürmek baradaky öwüt-ündewlerine hem-de
nesihatlaryna eýerip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz
Watanymyz, mähriban halkymyz üçin okamak, öwrenmek, döretmek, gurmak,
ýurdumyzyň dünýä dolan şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak biziň mukaddes
borjumyzdyr.
Mähriban
halkym!
Hormatly
uruş weteranlary!
Sizi
1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni
mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk,
uzak ömür, bagtyýar we abadan durmuş, rowaçlyk arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.