Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!
Sizi ýetip gelen uly baýram — Halkara Bitaraplyk güni bilen
tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Bitaraplyk biziň bütindünýä bileleşigi tarapyndan ykrar
edilen beýik gymmatlygymyzdyr. Parahatçylygy we dostlugy, ynsanperwerligi
hem-de hoşniýetliligi, hyzmatdaşlygy we ösüşi dabaralandyrýan taglymatymyzdyr.
Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik
Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyz bolsa ählumumy parahatçylygyň we ylalaşygyň pugtalanmagy
üçin tagallalary birleşdirýän, özara düşünişmäge hem-de ynanyşmaga esaslanýan
gatnaşyklary ýola goýýan döwlet hökmünde berkarar Watanymyzyň dünýädäki
abraýyny has-da artdyrýar. Parahatçylygyň we dostlugyň berkarar bolmagy
ugrundaky işe goşýan ägirt uly goşandymyzy bütin dünýä ýaýýar.
Şoňa görä-de, “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi”
diýlip yglan edilen ýylda hem bu aýratyn ähmiýetli halkara baýramy Bitarap
Diýarymyzyň parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe
barýandygyny alamatlandyrýan şanly wakalara besläp, syýasatda, ykdysadyýetde,
medeniýetde hem-de durmuş ulgamynda gazanýan ajaýyp üstünliklerimizedir belent
sepgitlerimize bolan guwanç duýgularymyz bilen garşy alýarys.
Halkara Bitaraplyk gününiň şanyna bagyşlanan dabaralar
ykdysady we medeni-durmuş ulgamlarynda uly üstünlikleri gazanmak bilen,
sazlaşykly ösýän ýurtlaryň hatarynda dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän
Garaşsyz Watanymyzyň, agzybir halkymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny hem-de
mertebesini has-da ýokary göterýär, biziň her birimizi belent maksatlara
ruhlandyrýar.
Eziz halkym!
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döretmäge bolan
kuwwatymyz, gurmaga bolan güýjümiz, geljegimize beýik ynamymyz bilen biz içeri
hem-de daşary syýasatda örän uly üstünlikleri gazanýarys. Bu ajaýyp taryhy
eýýamda “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarymyza laýyklykda Garaşsyz Watanymyzyň
syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ynamly ösýän, abraýly
döwletleriň biri hökmünde dünýäde hemişe ykrar edilmegi üçin tutumly işleri alyp
barýarys. Örän möhüm özgertmelerimizi depginli dowam etdirmek bilen, merdana
halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrýarys.
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz
geçirijisiniň, ulag-üstaşyr geçelgeleriniň, iň öňdebaryjy tehnologiýalar
esasynda ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň, iri senagat-önümçilik
kärhanalarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň
we obadyr şäherçeleriň gurulmagy eziz Diýarymyzyň durnukly ykdysady ösüşini
hem-de berkararlygyny üpjün edýär. Elbetde, biziň ähli üstünliklerimiziň
binýady ata Watanymyzyň Garaşsyzlygy we Bitaraplygy bolup durýar. Garaşsyzlyk
we Bitaraplyk — parahat, asuda, bolelin we gülläp ösýän durmuşy beren beýik
mukaddesliklerimizdir.
Mähriban watandaşlar!
Biz dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we
Konstitusiýamyzda hemişelik berkidilen oňyn Bitaraplygymyzyň esasy kadalaryndan
hem-de maksatlaryndan ugur alyp, eziz Watanymyzyň halkara abraýyny yzygiderli
ýokarlandyrýarys. Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Garaşsyz
Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we
Hyzmatdaşlyk Guramasy, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly
abraýly halkara guramalar, Ýer ýüzüniň dürli döwletleri bilen syýasy, ykdysady,
medeni gatnaşyklary yzygiderli giňeldýäris. Parahatçylygyň we ylalaşygyň
pugtalandyrylmagy, içerki ösüşi we dünýä giňişliginde milli bähbitleri üpjün
etmek üçin tagallalary birleşdirýäris.
Şeýle bolansoň, halkara ähmiýetli möhüm wakalara baý bolan
2018-nji ýylda Bitarap döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa
ykdysady komissiýasynyň içerki ulag boýunça Komitetiniň býurosynyň hem-de
Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň 2019 — 2021-nji ýyllar üçin agzalygyna saýlandy.
Biziň başlangyjymyz bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy
Owganystanda halkara tagallalary goldamak boýunça hem-de “Birleşen Milletler
Guramasynyň we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk”
atly Rezolýusiýalary kabul etdi. Her ýylyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped
güni diýlip yglan edildi.
Ýurdumyzda Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça köpçülikleýin
welosipedli ýöriş we ylgaw ýaryşlary, “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisi,
şeýle hem Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty üstünlikli tamamlandy.
Şeýlelikde, ruhubelentligiň we ösüşiň, sportuň hem-de sagdynlygyň ýurdy
hökmünde Garaşsyz döwletimiziň abraýy dünýä doldy. Bu üstünlikleriň ählisi bize
Garaşsyzlygyň we alyp barýan Bitaraplyk syýasatymyzyň beren miwesidir.
Mähriban halkym!
Eziz watandaşlar!
Sizi ýetip gelen şanly baýram — Halkara Bitaraplyk güni
bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň we agzybir
halkymyzyň bütin dünýäde at-abraýy, şan-şöhraty has-da belende galsyn!
Size berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt hem-de
maşgala abadançylygyny arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW