Eziz eneler!
Mähriban gelin-gyzlar!
Sizi bahar paslynyň älem-jahany
joşduryp, göwünlere şatlyk, mähir-söýgi, ylham paýlaýan nurana günlerinde
giňden bellenýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Garaşsyz
döwletimiziň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň halkara derejesinde bellenýän
ýylynda joşgunly çäreler bilen utgaşýan Halkara zenanlar gününe bagyşlanan
aýdym-sazly dabaralaryň, bäsleşiklerdir sergileriň eziz enelerimiziň, mähriban
gelin-gyzlarymyzyň göwünlerini galkyndyryp, bagtyýar döwrümize buýsanjy, eziz
Watanymyza söýgini has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn!
Maşgalanyň sütüni, ahlak
gözelliginiň nusgasy hökmünde zenanlaryň, gelin-gyzlaryň mertebesini belent
tutmak türkmen halkynyň örän gadymy döwürlerden gözbaş alýan hem-de Berkarar
döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mynasyp dowam etdirilýän gymmatly
ýörelgesidir. Mähriban enelerimiziň, edepli-ekramly gelin-gyzlarymyzyň süýji
arzuwlary siňen hüwdüleri, monjugatdylarydyr läleleri, nepis keşdeleri, dokaýan
halylary biziň gymmatly milli hazynamyzdyr. Olaryň zähmeti we zehini bilen
dörän türkmen milli halyçylyk sungatynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim,
ylym we medeniýet boýunça guramasy bolan ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni
mirasynyň sanawyna girizilmegi müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan nepis
halylarymyzyň dünýädäki şöhratyny has-da artdyrýar.
Hormatly zenanlar!
«Döwlet adam üçindir!» diýen
şygarymyzdan ugur alyp, gelin-gyzlarymyzyň kanuny hukuklaryny we bähbitlerini
goramak, olara döwlet tarapyndan ýeňillikleri bermek, döredijilikli zähmet
çekmekleri we mynasyp durmuşda ýaşamaklary üçin ähli mümkinçilikleri döretmek,
ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyndaky ornuny ýokarlandyrmak
jemgyýetimiziň durnukly ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar. Berkarar Watanymyzda
mähriban enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň bagtyýar durmuşymyza buýsanyp
ýaşamaklary, ylymly-bilimli, ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri, yhlasly
hem-de döredijilikli zähmet çekmekleri, ýaş nesli terbiýelemekleri üçin uly
işler amala aşyrylýar.
Biziň maksadymyz Türkmenistanyň
tehnologiýanyň we ylmyň depginli ösýän täze şertlerinde berk binýatly,
kuwwatly, ýokary derejede ösen döwletleriň biri hökmünde dünýädäki ornuny
has-da pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Belent maksatlarymyzy amala aşyrmakda, eziz
Watanymyzyň syýasy, ykdysady, medeni-durmuş binýadyny pugtalandyrmakda, beýik
ýeňişleri gazanmakda, milli ýörelgelerimiziň esasynda nesillere döwrebap
terbiýe bermekde yhlasly, işeňňir, başarjaň zenanlarymyzyň uly goşandy bardyr.
Gelin-gyzlarymyz kabul eden döwlet maksatnamalarymyzy üstünliki durmuşa geçirmek
ugrunda döwlet düzümlerinde, jemgyýetçilik guramalarynda, ykdysadyýetimiziň
dürli pudaklarynda, ýokary tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan döwrebap
önümçilik-senagat toplumlarynda döredijilikli zähmet çekýärler. Biz muňa
buýsanýarys.
Mähriban gelin-gyzlar!
Türkmen halky sagdyn bedenli, arassa
ahlakly, edep-ekramly, kesp-hünärli nesilleri terbiýelemekde kämil ýörelgeleri,
öwüt-ündewleri, maşgala gymmatlyklaryny döredipdir. Asyrlaryň dowamynda durmuş
tejribesiniň, ahlak kadalarynyň we düzgünleriniň esasynda yzygiderli
kämilleşdirilip, nesillerden-nesillere geçirilip gelnen bu gymmatly miras milli
terbiýäniň binýady bolup durýar. Biz ata-babalarymyzyň parasatly
ýörelgelerinden ugur alyp, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýelemäge
aýratyn ähmiýet berýäris.
Milli gylyk-häsiýetleri özünde
jemleýän, Watana, il-güne, maşgala ojagyna wepaly, lebzihalal, zähmetsöýer,
belent ahlakly, enä we ýaşuly nesle sarpa goýýan nesilleri terbiýelemekde
maşgala ojagynyň asylly däp-dessurlaryny belentde saklap gelýän, pähim-paýhasyny,
mähir-muhabbetini, söýgüsini nesil terbiýesine bagyş edýän güler ýüzli, mylaýym
sözli zenanlarymyza, mylakatly, dilleri senaly enelerimize esasy orun
degişlidir.
Biziň döwlet syýasatymyzda
jemgyýetimizi milli däplerimiz esasynda has-da ösdürmek, enelik we çagalyk,
maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamak hakyndaky alada möhüm ähmiýete eýedir.
Bu ugurda hereket edýän milli kanunçylygy kämilleşdirmek, çagalygyň we eneligiň
goralmagyna gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek, köp çagaly
enelere durmuş goldawyny bermek boýunça amala aşyrylýan çäreler munuň aýdyň
subutnamasydyr.
Mähriban eneler!
Hormatly gelin-gyzlar!
Sizi ajaýyp baýram – Halkara
zenanlar güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Garaşsyz Watanymyzyň şan-şöhratynyň
dünýä dolýan döwründe halkymyzy jebisleşdirýän, milli bitewüligimizi has-da
berkidýän hem-de belent sepgitlere ruhlandyrýan güler ýüzli mähriban
enelerimiziň, kalby derýa kimin joşgunly gelin-gyzlarymyzyň mertebesi hemişe
belent bolsun!
Size berk jan saglyk, egsilmez bagt,
maşgala abadançylygyny, bedew bady bilen ösüşleriň täze belentliklerine tarap
ynamly öňe barýan eziz Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi ugrunda alyp
barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW