Eziz
eneler!
Mähriban gelin-gyzlar!
Sizi tebigatyň, jümle-jahanyň
oýanyp, gözelligi, ýakymlylygy, ajaýyplygy bilen göwünlere ylham-joşgun
paýlaýan bahar paslynyň ilkinji günlerinde giňden hem-de dabaraly bellenýän
Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Milli senenamamyzda aýratyn orny
eýeleýän Halkara zenanlar güni ýurdumyzda döwlet derejesinde giňden bellenip,
merdana halkymyzy täze maksatlara, beýik işlere ruhlandyrýar, nesillerimizde
milli buýsanjy, ynsanperwerligiň belent häsiýetlerini terbiýeleýär. Şoňa
görä-de, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen 2019-njy ýylda
hem eziz Diýarymyzda ýaz paslynyň jana şypaly günlerinde bu halkara baýram
ýokary ruhubelentlik bilen giňden bellenýär. Gözel paýtagtymyz Aşgabat
şäherinde, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde baýramçylyk dabaralaryna badalga
berlip, bu nurana bahar baýramyna gabatlap aýdym-sazly dabaralar, döredijilik
bäsleşikleri, sergidir ylmy maslahatlar, wagyz ediş-bilim beriş çäreleri,
şowhunly sport ýaryşlary geçirilýär.
Mähriban enelerimize,
gelin-gyzlarymyza sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak,
edep-ekramyna, durmuş ýörelgelerine aýratyn söýgi we hormat bilen garamak
müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli dessurymyzdyr. Öý-ojaklarymyzyň
ýaraşygy, durmuşymyzyň bezegi bolan zenanlarymyz asyrlardan-asyrlara,
nesillerden-nesillere geçirilip, kämil derejä ýetirilen däp-dessurlarymyzy
mynasyp dowam etdirmek bilen, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, döwlet we
jemgyýetçilik durmuşynda yhlasly zähmet çekýärler, eziz Watanymyzy kuwwatly
döwlete öwürmek ugrunda tutumly işleri amala aşyrýarlar.
Hormatly zenanlar!
Biziň halkymyzyň kämilligiň
gözbaşyna, nepisligiň hem-de gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen örän baý
mirasy bar. Döwürleri we nesilleri baglanyşdyrýan, halklary doganlaşdyrýan bu
mirasy gorap saklamakda, öwrenmekde, baýlaşdyrmakda, wagyz etmekde we geljekki
nesillere ýetirmekde hem zenanlarymyzyň hyzmaty örän uludyr. Gelin-gyzlarymyzyň
döreden, gözelligi, nepisligi, öwşün atýan reňkleri bilen göreni haýrana goýýan
halydyr keşdeleri, çuň mazmunly hüwdüdir monjugatdylary, döwrümiziň belent
mukamy bolup ýaňlanýan küştdepdileri milli baýlygymyzdyr. Bu eserler şahsyýetiň
sazlaşykly ösmegine, nesillerde ýokary ahlak häsiýetleriniň, watansöýüjiligiň
kemala gelmegine ýardam berýär. Gahrymançylygyň hem-de edermenligiň, ýokary
ahlaklylygyň we ynsanperwerligiň beýik nusgasyna öwrülip, ene söýgüsi, mähri we
ak patasy bilen ýaş nesillerimiziň gursagyna guýulýar.
Mynasyp nesil terbiýesi bolsa biziň
rowaçlyklarymyzyň gözbaşydyr. Şonuň üçin hem biz merdana pederlerimiziň:
«Akylyň bahasy bolmaz, terbiýäniň — çägi», «Çaga eziz, edebi ondanam eziz»
diýen ýaly pähimlerinden ugur alyp, giň dünýägaraýyşly watançy, ahlak taýdan
arassa, zähmetsöýer nesilleri terbiýelemekde mähriban enelerimiziň hem-de
zenanlarymyzyň bitirýän hyzmatyna ýokary baha berýäris. Zähmetde hem-de
durmuşda uly üstünlikleri gazanýan şeýle zenanlarymyza guwanýarys.
Beýik özgertmelerimizi, iri möçberli
maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmekde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, zähmetde,
jemgyýetçilik durmuşynda gazanan uly üstünliklerini, Garaşsyz Watanymyza
wepaly, sagdyn, ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge goşan asylly
goşantlaryny nazara alyp, gelin-gyzlarymyzy «Zenan kalby» ordeni we beýleki
döwlet sylaglary bilen sylaglaýarys, mähriban enelerimize «Ene mähri» diýen
hormatly ady dakýarys. Tutuş halkymyzyň, aýratyn hem eziz enelerimiziň,
mähriban gelin-gyzlarymyzyň kalbyny şatlyk-joşguna besleýän bu çäreler
agzybirligimizi has-da pugtalandyryp, Garaşsyz Watanymyza bolan buýsanjymyzy
artdyrýar.
Zenanlaryň hukuklaryny we
bähbitlerini goramak, maşgalany, çagalygy we eneligi goldamak babatda hem
ýurdumyz uly sepgitlere — guwançly menzillere ýetdi. Biz bu ugurda abraýly
halkara guramalar, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň
ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli gatnaşyklary işjeň ösdürýäris.
Berkarar döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň Ýerine
ýetiriji Geňeşine, Zenanlaryň hukuk ýagdaýy boýunça komissiýasyna saýlanmagy
Garaşsyz Watanymyzyň bu ugurda dünýä ösüşindäki eýeleýän ornuny pugtalandyrýan
taryhy wakalardyr.
Biziň döwletimiz zenanlarymyzyň
asuda, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, yhlasly zähmet çekmegi, mynasyp
nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegi üçin hemişe alada eder.
Eziz
eneler!
Mähriban gelin-gyzlar!
Sizi ajaýyp bahar paslynda giňden
bellenýän Halkara zenanlar güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden
gutlaýaryn!
Goý, Garaşsyz Watanymyzyň
şan-şöhratynyň barha artýan döwründe halkymyzy jebisleşdirýän, milli
bitewüligimizi has-da berkidýän hem-de belent sepgitlere ruhlandyrýan güler
ýüzli mähriban enelerimiziň, kalby derýa kimin joşgunly gelin-gyzlarymyzyň
mertebesi hemişe belent bolsun!
Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak
ömür, maşgala ojaklaryňyzda abadançylyk, asuda we bagtyýar durmuş, ýurdumyzyň
gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Türkmenistanyň
Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW