Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň hormatly
işgärleri!
Sizi Watanymyzda her ýyl giňden bellenilip geçilýän
Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden
gutlaýaryn. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň
mekany» ýyly diýlip yglan edilen ýylda hem döwletimiziň halkara abraýyny has-da
ýokarlandyrmak üçin täze, belent sepgitler kesgitlenildi. Siziň sebit we
halkara gatnaşyklarda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer
ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge mynasyp goşandyňyzy
goşjakdygyňyza berk ynanýaryn.
Hormatly diplomatlar!
Türkmenistan Garaşsyzlygynyň ilkinji ädimlerinden
başlap, halkara gatnaşyklarda we daşary syýasatda Bitaraplyk, deňhukuklylyk,
hoşniýetli goňşuçylyk ýaly binýatlyk ýörelgeleri saýlap aldy. Geçen ýyllaryň
dowamynda döwletimiziň daşary syýasaty Türkmenistanyň milli bähbitlerine we
Birleşen Milletler Guramasynyň esas goýujy maksatlaryna doly laýyk gelýändigini
iş ýüzünde subut etdi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň Birleşen
Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen üç gezek
ykrar edilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin
öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy we onuň
Türkmenistanyň Hökümeti bilen netijeli işlemegi hem Bitaraplygyň parahatçylyk
dörediji güýjüniň aýratyn ähmiýetini giňden açyp görkezýär.
Ýurdumyzyň halkara ähmiýetli teklipleriniň we
ählumumy häsiýete eýe bolan başlangyçlary esasynda Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly
ösüş ulgamyndaky möhüm Kararnamalaryň uly toplumynyň kabul edilmegi
döwletimiziň bu abraýly gurama bilen strategik hyzmatdaşlygynyň netijeli
mazmuna eýedigini görkezýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy
tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan
edilmegi hem bu hakykaty doly tassyklaýar. Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp
geçirilen ýokary derejeli halkara forumyň jemleri Türkmenistanyň dünýä
jemgyýetçiligindäki abraýyny has-da artdyrdy, döwletimiziň parahatçylyk
söýüjilikli taglymatyny ýene-de bir gezek äleme ýaýdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
biz halkara borçnamalara hem-de halkara hukugyň ýörelgelerine berk we
gyşarnyksyz eýerip, ýurdumyzyň geosyýasy hem-de geoykdysady mümkinçiliklerini
parahat durmuşyň, döredijilikli ösüşiň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň
hatyrasyna durmuşa geçirýäris. 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan
etmek baradaky başlangyç bütin dünýäde parahatçylygyň diňe bir hukuk binýadyny
däl, eýsem, onuň ruhy esaslaryny hem kämilleşdirýär. Bu ynsanperwer
başlangyçlar halkara gatnaşyklarda özara hormat goýmak we adalatlylyk
ýörelgelerini dabaralandyrmak bilen, ählumumy durnuklylygyň täze taryhy
sahypasyny açýar.
Döwletimiziň daşary syýasatynyň strategik
ugurlarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen birlikde, häzirki wagtda
energetika, ulag-aragatnaşyk, ekologiýa, ýokary tehnologiýaly «ýaşyl»
ykdysadyýet, medeni-ynsanperwer ulgam ýaly ähmiýetli ugurlarda iri halkara
taslamalaryň durmuşa geçirilmegi babatda zerur şertler döredilýär. Hemişelik
Bitarap döwletimiziň parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan
daşary syýasaty we diplomatiýasy uzak möhletleýin milli maksatnamalarymyzy
amala aşyrmak üçin halkara giňişlikde zerur bolan ähmiýetli mümkinçilikleriň
döredilmegine gönükdirilendir. Bu babatda döwletara we hökümetara derejede
syýasy-diplomatik, halkara hukuk, söwda-ykdysady geňeşmeleriň netijeli
gurallaryny işe girizmekde ýurdumyzyň diplomatik gullugyna uly talap
bildirilýär.
Türkmenistan bu gün ösüşiň belent sepgitlerini
nazarlap, nurana geljege tarap ynamly öňe barýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap
döwletimiziň ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine esaslanýan daşary
syýasaty we diplomatiýasy milli maksatnamalarymyzy amala aşyrmak üçin halkara
giňişlikde zerur şertleri döredýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan» ugur alyp, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň
işgärleri daşary syýasatymyzda parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi
arkaly halkara gatnaşyklary kämilleşdirmäge çagyrýan nusgalyk syýasatymyzyň
geriminiň giňeldilmegine, Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýynyň has-da
belende göterilmegine işjeň gatnaşýarlar. Ýurdumyzyň milli bähbitlerini
hemmetaraplaýyn goramakda we halkara gatnaşyklar ulgamyndaky belent abraýyny
artdyrmakda döwletimiziň diplomatik gullugynyň işgärleriniň öňünde goýlan möhüm
wezipeleri ýokary derejede ýerine ýetirjekdiklerine berk ynanýaryn.
Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärleri!
Sizi hünär baýramyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs
ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, abadançylyk, döwletimiziň dünýä
derejesindäki abraýyny has-da artdyrmak ugrunda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri
arzuw edýärin.