Hormatly daşky gurşawy goramak
ulgamynyň işgärleri!
Eziz watandaşlar!
Sizi
ýurdumyzda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda
giňden bellenýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli tüýs
ýürekden gutlaýaryn!
Biziň
ata-babalarymyz ýaşaýşyň çeşmesi bolan gözel tebigatymyz bilen sazlaşykda ýaşamagyň
inçe usullaryny döredipdirler. Asyrlaryň dowamynda halkymyzyň durmuşyna, milli
däp-dessurlaryna berk ornaşan, daşky gurşawyň arassa saklanmagyna gönükdirilen
şeýle ýörelgeler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze many-mazmuna
eýe bolýar. Halkymyzyň gadymyýetden gelýän bu ynsanperwer däpleri häzirki
döwürde adamzadyň ählumumy meseleleriniň ygtybarly çözgütlerini tapmaga
gönükdirilýän düýpli çäreler bilen utgaşyp, barha ösdürilýär.
Ýurdumyzda
alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady halkymyzyň arassa
daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, tebigy baýlyklarymyzy aýawly
peýdalanmakdan we geljekki nesillerimize has gözel görnüşde ýetirmekden, bu
ugurda sebit we halkara derejesinde ygtybarly hyzmatdaşlygy alyp barmakdan
ybaratdyr.
Eziz watandaşlar!
Garaşsyz
Diýarymyzda amala aşyrylýan her bir döwlet maksatnamasy halkymyzyň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga hem-de ykdysadyýetimiziň ähli
pudaklaryny depginli ösdürmäge, şeýle hem daşky gurşawa zyýansyz bolan
önümçilikleri döretmäge gönükdirilendir.
Häzirki
döwürde ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, Howanyň üýtgemegi
barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda öňde
goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga
öwürmek, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy
aýawly saklamak boýunça döwletimiz tarapyndan maksatnamalaýyn işler amala
aşyrylýar.
Berkarar
Watanymyzda daşky gurşawy goramak ulgamynyň kanunçylyk binýadyny has-da
berkitmek we kämilleşdirmek boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar. Bu
ulgamda hereket edýän kanunçylygyň kämilleşdirilmegi, gözel Diýarymyzy
bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň has-da
ýaýbaňlandyrylmagy, ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça halkara
maslahatlaryň ýurdumyzda yzygiderli geçirilmegi döwlet ekologiýa syýasatymyzyň
üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Eziz watandaşlar!
Garaşsyz
Türkmenistan daşky gurşawy goramak babatda umumadamzat bähbitli içeri we daşary
syýasaty alyp barýar. Sebäbi, durnukly ösüşi gazanmakda halkara tagallalara
ýardam bermek döwletimiziň daşary syýasatynyň örän möhüm ugrudyr. Birleşen
Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna
goşulmak bilen, ýurdumyz durnukly ösüş babatda dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde
goýlan meseleleri çözmäge düýpli çemeleşýär. Bu ugurda biz Birleşen Milletler
Guramasynyň Ösüş maksatnamasy we Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Azyk we oba
hojalyk boýunça guramasy, Bütindünýä ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň
halkara gaznasy, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi, Germaniýanyň
halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti ýaly, köp sanly halkara we sebit
guramalary bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy alyp barýarys hem-de ekologiýa
abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen täze başlangyçlar bilen çykyş edýäris.
Türkmenistan
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, durnukly ösüş
boýunça ýokary derejedäki maslahatlarda daşky gurşawy gorap saklamak,
suw-energetika serişdelerini aýawly peýdalanmak we azyk howpsuzlygyny üpjün
etmek, tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça başlangyçlary
öňe sürdi. Aralýaka sebitiň ekologiýa meselelerini toplumlaýyn çözmek, Hazar
deňziniň ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak boýunça sebit we dünýä
ähmiýetli täze tekliplerini beýan etdi. Birleşen Milletler Guramasyna agza
ýurtlar tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň ýurdumyzda
üstünlikli durmuşa geçirilmegi biziň bu döwrebap başlangyçlarymyzyň iş ýüzünde
öz beýanyny tapýandygyna doly şaýatlyk edýär.
Birleşen
Milletler Guramasy tarapyndan Howanyň üýtgemegi boýunça täze halkara
Ylalaşygyň, «Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň halkara
gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Kararnamanyň, Hazarýaka döwletleriň
Baştutanlary tarapyndan birnäçe ylalaşyklaryň kabul edilmegi Garaşsyz
döwletimiziň halkara derejesinde öňe süren teklipleriniň we başlangyçlarynyň
dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly daşky gurşawy goramak
ulgamynyň işgärleri!
Eziz watandaşlar!
Sizi Daşky
gurşawy goramagyň bütindünýä güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden
gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we gözel Diýarymyzda
daşky gurşawy gorap saklamak hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek
ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Türkmenistanyň
Prezidenti
Gurbanguly
Berdimuhamedow.