Mähriban halkym!
Berkarar döwletimiziň bagtyýar
körpeleri!
Sizi jana
şypaly tomus paslynyň nurana günlerinde dabaraly bellenýän Çagalary goramagyň
halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň
gül-gunçalary bolan körpe nesillerimiz baradaky aladalar biziň beýik
geljegimize tarap ädýän buýsançly ädimlerimizdir. Şoňa görä-de, bu halkara
baýramynyň şanyna geçiriljek aýdym-sazly dabaralaryň ähli halkymyzyň, aýratyn
hem şadyýan körpelerimiziň kalbynda berkarar Watanymyza buýsanjy has-da
pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn!
Ýurdumyzda
Çagalary goramagyň halkara gününiň giňden bellenmegi Türkmenistan döwletimiziň
sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy, bagtyýar çagalygyň mekany hökmünde
abraýyny dünýä ýaýýar. Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, Gökderede, welaýat
merkezlerinde, ähli şäherdir obalarymyzda ýürekleri joşgunly, köňülleri ganatly
çagalarymyzyň dostlugy, parahatçylygy we bagtyýarlygy wasp edýän ajaýyp sungat
eserleri - şirin aýdymlar, joşgunly sazlar, ajaýyp sahnalar bilen çykyş etmegi,
döredijilik we sport bäsleşikleri, belentden ýaňlanýan şadyýan gülküleri biziň
iň gymmatly baýlygymyzdyr.
Garaşsyz
döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly baýramynyň giňden
bellenýän ýylynda Çagalary goramagyň halkara gününiň jemgyýetçilik durmuşynda
tutýan ornuny giňden dabaralandyrmak hem-de mekdebe çenli çagalar edaralarynyň
işini has-da gowulandyrmak maksady bilen, biz «Ýurdumyzda çaganyň irki ösüşini
we olaryň mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020-2025-nji ýyllarda mekdebe
çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyny» kabul etdik.
Munuň özi ýurdumyzda amala aşyrýan her bir işimiziň, belent tutumlarymyzyň
köňüllerimiziň guwanjy bolan şadyýan çagalarymyzyň bagtly geljegine
gönükdirilendigini aýdyň tassyklaýar.
Eziz körpeler!
Çagalarymyzyň
bagtyýarlygy — Watanymyzyň kuwwatydyr. Şoňa görä-de, «Döwlet adam üçindir!»
diýen ýörelgämizden ugur alyp, geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň akyl, beden
we ruhy taýdan kadaly ösüşini üpjün etmek, yhlasly okamaklary, döredijilik
işleri we sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleri döredýäris. Bu
ugurda ýöredýän durmuş syýasatymyz, ähli ykdysady we medeni özgertmelerimiz,
ilkinji nobatda, eneleriň we çagalaryň saglygyny goramaga, sagdyn durmuşda
ýaşamagyna, hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösmegine, sport we döredijilik bilen
meşgullanmagyna, milli we umumadamzat ruhy gymmatlyklary esasynda
terbiýelenmegine gönükdirilendir.
Şoňa
görä-de, biz gysga döwrüň içinde paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we welaýatlarda,
ýurdumyzyň jana şypaly künjekleri bolan Köpetdagyň sergin jülgelerinde, Hazaryň
merjen kenarynda çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerini, döwrebap çagalar
baglaryny we orta mekdepleri, «Ene mähri» saglyk merkezlerini gurduk.
«Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin milli
strategiýa» laýyklykda çaganyň irki ösüşi üçin zerur bolan ýokary hilli saglyk
hyzmatlary, iýmitleniş, mekdepden öňki bilim bilen üpjün edilmegi ugrundaky
işlerimizi hem üstünlikli dowam edýäris.
Mähriban halkym!
Biz dünýä
döwletleri, iri halkara we sebit guramalary bilen dürli ugurlardaky
hyzmatdaşlygy ösdürmäge, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy bilen
ählumumy tagallalary birleşdirmäge çalyşýarys. Çagalaryň ýaşaýşyny,
goraglylygyny we ösüşini üpjün etmek boýunça Bütindünýä Jarnamasyna, Birleşen
Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyna, Çagalaryň halkara
derejede ogurlanmagynyň raýat jähetleri boýunça Gaga Konwensiýasyna goşulmagy
hem Türkmenistanyň öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän
jogapkärli çemeleşýändigini tassyklaýar.
Birleşen
Milletler Guramasynyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy hem-de Çagalar
gaznasy bilen hyzmatdaşlykda ýurdumyzda bilelikdäki okuw maslahatlaryny we
duşuşyklary geçirmekde, aýratyn hem duzy ýod, uny demir we foliý turşusy bilen
baýlaşdyrmakda netijeli işler amala aşyryldy. Ýurdumyzyň 2018-2020-nji ýyllar üçin
Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň,
2018-2022-nji ýyllar üçin Zenanlaryň statusy boýunça komissiýasynyň agzalygyna
saýlanmagy Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygymyzyň
üstünlikli alnyp barylýandygyny aýdyň görkezýär.
Garaşsyz
Watanymyzyň röwşen geljegi bolan çagalarymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny
gazanmak, döwrebap bilim almagyny üpjün etmek, olary watansöýüjilik we
ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek biziň belent maksadymyz, eziz Diýarymyzyň
kuwwatynyň hem-de gülläp ösmeginiň berk kepili bolup durýar.
Mähriban halkym!
Berkarar döwletimiziň bagtyýar
körpeleri!
Sizi
Çagalary goramagyň halkara güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden
gutlaýaryn! Goý, bagtyýar nesillerimiziň şatlyk-şowhuny, şadyýan gülki sesleri
has-da belentden ýaňlansyn! Siziň ähliňize berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş, berkarar döwletimiziň gülläp
ösmeginiň hatyrasyna uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Türkmenistanyň
Prezidenti
Gurbanguly
BERDIMUHAMEDOW