Eziz watandaşlar!
Hormatly atşynaslar!
Sizi «Türkmenistan — Bitaraplygyň
mekany» diýlip yglan edilen ýylda giňden we uly dabara bilen bellenýän Türkmen
bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Ýelden ýüwrük bedewlerimiz
halkymyzyň milli buýsanjydyr we asyrlaryň dowamynda kemala getiren gymmatlyklarynyň
naýbaşysydyr. Şoňa görä-de, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda atçylygy we atly
sporty ösdürmäge uly üns berilýär. Ata-babalarymyzyň asylly däp-dessurlary
täzeden dikeldilip, türkmen atşynaslyk sungaty täze belentliklere göterilýär.
Yhlasly we döredijilikli zähmet çekýän türkmen atşynaslary ady dünýä dolan
behişdi bedewlerimiziň tohum arassalygyny gorap saklamak hem-de baş sanyny
köpeltmek boýunça uly işleri alyp barýarlar.
Halkymyz mukaddeslik derejesine
ýetiren bedewlerini ajaýyp şaý-sepler, altyn-kümüş esbaplary bilen bezäpdir.
Ata-babalarymyzyň şeýle ajaýyp ýörelgeleri häzirki döwrüň zergärçilik
sungatynda hem giňden dowam etdirilýär.
Şeýle hem, türkmen ýigitleriniň
ýerine ýetirýän at üstündäki oýunlary toý-baýramlarymyzyň bezegi bolup, ildeşlerimizde
we daşary ýurtly myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar.
Hormatly atşynaslar!
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk
döwründe halkymyzyň milli buýsanjyna, gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen
behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek, atçylyk
sungatyny we sportuny ösdürmek üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler we giň
mümkinçilikler döredilýär. Şonuň bilen birlikde, bu pudagy ösdürmek boýunça
dünýäniň dürli döwletleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Ähli
welaýatlarymyzda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän atçylyk sport toplumlarynyň
gurulmagy we olaryň döwrebaplaşdyrylmagy, atşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş
şertleriniň gowulandyrylmagy ýurdumyzda atçylyk sungatynyň ösmegine oňyn
täsirini ýetirýär.
Atçylyk pudagy üçin ýokary derejeli
hünärmenleri taýýarlamaga hem biz uly üns berýäris. Ussat atşynaslary, seýisleri
we çapyksuwarlary taýýarlamak boýunça ýörite okuw merkezlerini döredýäris.
Aşgabat atçylyk sport toplumynda gurlan bedewleriň päsgelçiliklerden böküp
geçmek boýunça bäsleşiklerini guramak üçin açyk manežiň ýurdumyzda atly sporty
ösdürmäge uly itergi berjekdigine berk ynanýaryn!
Halkymyzyň uçar ganaty bolan ýelden
ýüwrük behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, atly
sport bäsleşiklerini, at üstündäki dürli milli oýunlary, ahalteke bedewleriniň
halkara gözellik bäsleşiklerini geçirmek we seçgi-tohumçylyk işini
gowulandyrmak hem-de bu pudakda gazanylan üstünlikleri dünýäniň öňdebaryjy
tejribeleri bilen utgaşdyryp has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan
işlere hemişe üns bereris. Döwletimiz geljekde hem ýurdumyzda atçylygy we atçylyk
sportuny ösdürmäge, bu ugurda dünýä ýurtlary bilen özara bähbitli tejribeleri
alyşmaga, netijeli hyzmatdaşlyk etmäge hem-de atşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş
we iş şertlerini has-da gowulandyrmaga uly goldaw berer.
Hormatly atşynaslar!
Türkmen topragynda gadymy
döwürlerden bäri ösdürilip kemala getirilýän we umumadamzat gymmatlygyna
öwrülen nurana bedewlerimiz dünýäniň arassa ganly, tohum atlarynyň arasynda iň
naýbaşylarynyň biridir. Wepadarlygy, ýyndamlygy hem-de gözelligi bilen
halkymyzyň buýsanjyna, ýakyn syrdaşyna öwrülen behişdi bedewlerimiz
il-günümiziň köňül guwanjy, uçar ganatydyr.
Ynsan bilen bedew atyň arasyndaky
dostluk, wepadarlyk gatnaşyklary ajaýyp nusgawy eserlerimizde hem giňden
şöhlelendirilýär. Muňa türkmen halk döredijiliginde çuň many-mazmunly, ynsanyň
dünýägaraýşyny kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýe bolan nakyllardyr atalar
sözleri hem aýdyň şaýatlyk edýär. «At agynan ýerde toý bolar», «Irden tur ataňy
gör, ataňdan soň - atyňy», «Aty baryň ganaty bar», «Ýüwrük ata baha bolmaz» ýaly
ençeme nakyllary döreden merdana halkymyz özüniň ýaşaýyş-durmuşyny bedew atsyz
göz öňüne getirmändir. Sebäbi, ýelden ýüwrük bedewler gadymy topragymyzyň
gudratydyr, türkmeniň ganaty we buýsanjydyr!
Eziz watandaşlar!
Hormatly atşynaslar!
Sizi ösüşleriň belentliklerine tarap
ynamly öňe barýan Garaşsyz we hemişelik Bitarap Watanymyzda uly dabaralara
beslenip bellenýän Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs
ýürekden gutlaýaryn!
Size berk jan saglyk, uzak ömür,
maşgala abadançylygyny, türkmen atşynaslyk sungatyny has-da kämilleşdirmek we
ösdürmek ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW